«Marti Beýik» ABŞ-da A24 studiýasynyň iň köp girdeji gazanan filmi boldy

  • 19.01.2026 23:03
  • 2.8k+

«Marti Beýik» (Марти Великолепный) filminiň amerikan prokatynda kassa ýygymy 80 mln dollara ýetdi. Bu hem ony ABŞ-nyň kinoteatrlarynda A24 studiýasynyň iň köp girdeji gazanan taslamasyna öwürdi.

Ozal kompaniýanyň filmleriniň arasynda birinji orny 2021-nji ýylda çykan «Hemme zat hemme ýerde we birbada» filmi eýeleýärdi. Ol ABŞ-da 77 mln dollar ýygnady. Şol bir wagtyň özünde, onuň dünýädäki kassa ýygymy 142 mln dollar boldy. Häzirki wagtda «Marti Beýik» filminiň dünýäde umumy girdejisi 97 mln dollara ýetdi, ýöne filmiň heniz ähli ýurtlarda çykmandygyny göz öňünde tutsaň, halkara girdejiler entek ýokarlanyp biler.
Film öz arzuwyny hasyl etmek üçin töwekgelçilikli ädimleri ätmäge taýýar bolan stol tennisi boýunça dünýä çempiony Marti Reýsman barada gürrüň berýär. Filmde baş keşbi Timoti Şalame («Dýuna») ýerine ýetirdi.
Belläp geçsek, A24 studiýasy awtorlyk filmleriniň we garaşsyz taslamalaryň önümçiligi we prokaty bilen meşgullanýar. 


düýn 23:56
2.1k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....