Dubaý dünýäde iň uly onlaýn yşarat dili sapagyny gurnaýar

  • 20.01.2026 14:35
  • 7.9k+

Dubaý dünýäde iň uly bitewi wirtual yşarat dili sapagyny geçirmek arkaly Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýmagy meýilleşdirýär. Bu giň gerimli çäre 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryna meýilleşdirilýär. Onuň howandary hökmünde Dubaý Jemgyýetçilik Ösüş Agentligi (CDA) çykyş edýär.

Onlaýn sapak 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Maýyp adamlaryň hukuklary boýunça Ýokary Komitetiň başlygy Şeýh Mansur bin Mohammed Al Maktum tarapyndan başlanan «Dubaý yşarat dilinde aragatnaşyk saklaýar» başlangyjynyň bir bölegi bolar. CDA taslamanyň eşidiş bozulmalaryndan ejir çekýän adamlara jemgyýet taýdan goşulyşmagy we goldaw bermegi, şeýle hem şäher gurşawynda sanly we akylly hyzmatlaryň ulanylyşyny giňeltmegi maksat edinýändigini belleýär.
CDA-nyň baş direktory Hessa bint Essa Buhumaid bu sapagyň BAE-niň inklýuziw jemgyýeti gurmakdaky çemeleşmesini görkezýändigini we maýyp adamlary jemgyýete we ykdysady durmuşa işjeň gatnaşmaga höweslendirýändigini hem aýtdy.
Şonuň bilen birlikde bu taslama döwlet we hususy edaralardaky hyzmatlara elýeterliligi gowulandyrmagy maksat edinýär. Onlaýn yşarat dili sapagyna guramalar, bilim edaralary, jemgyýetçilik köpçüligi, şeýle-de dünýäniň dürli künjeginden adamlar gatnaşyp bilerler.
Hasaba goşulmak üçin görkezmeler https://dcsl.cda.gov.ae web sahypasynda ýerleşdirilen.


26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....

22.04.2026 17:36
5.2k+

Dubaýda aerotaksi üçin ilkinji täjirçilik wertiport açyldy

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek aerotaksiler üçin niýetlenen täjirçilik wertiporty (wertikal uçuş we gonuş duralgasy) açyldy. Bu desga halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär we dikligine uçýan hem-de gonýan......