Türkmen milli senenamasy boýunça uly çille tamamlanyp, kiçi çille başlady

  • 19.01.2026 11:09
  • 9k+

18-nji ýanwarda uly çille öz ornuny kiçi çillä berdi. Bu möwsüm 7-nji fewrala çenli dowam eder.

«Gaharjaň», «keçjal» diýen atlary alan kiçi çille bu ýyl hem özüniň gar-ýagşy bilen geldi. Ýakyn günleriň howa maglumatlary muňa şaýatlyk edýär. Muňa garamazdan, gyş ortadan agandygy üçin onuň galan böleginiň-de maýyllyk bilen geçmegine garaşylýar. Sebäbi bu ýyl ýylky ýyly bolansoň, bedewler sowugy halap baranoklar.
Kiçi çilläniň howasy durnuksyz bolýar. Käte asmanyň ýüzi bulutdan dolup, gar ýagsa, onuň yz ýanyndan ähli bulutlar syrylyp, aýaz hem boluberýär. Şeýle ýagdaýda eýýäm kemsiz agralan ene mallara ýyly kaşar, ýyly suw we goşmaça ot-iým zerurlygy has-da artýar. Diňe şonda olardan sagdyn guzy alyp bolýar. «Malym — janym» diýip, özüniň bar yhlasyny, zähmetini bakýan mallaryna siňdirýän çopanlar dürli usullary, ata-babalarymyzdan galan tejribeleri ulanmak bilen, ene goýunlary şu döwürde aýratyn alada bilen gurşap alýarlar. Gyşyň uzak gijelerinde aýagy üşemez ýaly, ýatan mallary 1-2 gezek örüzip ot bermeseň, sürüde agsap ýören mal köpelýär.
Bu ýyl iki çilläniň sepgidinde ýagan gar-ýagyş maldar üçin käbir kynçylyklary döretse-de, ol daýhan üçin bähbitli boldy. Çille döwrüniň ýagmyry topraga bereket bolup siňýär. Hut şonuň üçin-de «Çille gary — ýeriň gany» diýilýär. Eger-de çillede ýagan gar ýedi günläp ýeriň ýüzünde eremän ýatsa oňat görlüpdir. Şeýle ýagdaýda güýzlük bugdaý maýsalaryna-da dökün berlen ýaly bolýar.
Şu döwürde ýyldyzlar äleminde hem käbir üýtgeşmeler bolup geçýär, ýagny Aralyk ýyldyzy ilkagşam peýda bolup, ol daňdan ýaşýar. Ýaldyrak, Mizan hem hatar gurap gündogardan günbatara süýşýär. Ýyldyzlaryň şu hereketi kiçi çille döwründe has-da äşgär duýulýar.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......