Milli mirasymyzyň düýni, şu güni we ertiri: «Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

  • 21.01.2026 18:49
  • 1.6k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň ruhy we taryhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär.

Žurnalyň bu sanynyň «Täze ylmy açyşlar» bölüminde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty baradaky materiallar hem-de Seljuklylar döwründen şu günümize çenli ýurdumyzyň çäklerinde lukmançylygyň ösüşine bagyşlanan makala ýerleşdirilipdir.
«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» diýen bölümde bolsa türkiýeli hünärmen Soner Saglamyň Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserindäki maşgala gatnaşyklary we nesil terbiyesi baradaky makalasy berilýär.
Şeýle-de, täze sanda Paryzdepe ýadygärliginde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri baradaky materiallar we gadymy golýazmalary saklap galmak işine innowasion çözgütleriň ornaşdyrylyşy baradaky neşirler orun aldy.
Žurnalyň nobatdaky sany 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolup geçen ylmy we medeni durmuşyň wakalarynyň beýany bilen tamamlanýar.
Žurnal türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýär.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......