Netflix platformasy Sony Pictures-iň filmlerini we seriallaryny görkezmäge hukuk aldy

  • 18.01.2026 10:18
  • 1.1k+

Netflix striming platformasy Sony Pictures bilen täze şertnama baglaşdy. Oňa laýyklykda, studiýanyň filmleri kinoteatr we içerki prokat tamamlanandan tiz wagtdan soň striming hyzmatynda peýda bolar.

Bu Pay-1 formatly ygtyýarnama şertnamasydyr. Ol prokatdan soň Sony Pictures-iň filmleriniň geljek 18 aýyň içinde ilki we diňe Netflix-de elýeterli bolmagyny göz öňünde tutýar. Şertnama bäş ýyl – 2027-nji ýyldan 2032-nji ýyl aralygynda hereket edýär.
Netflix-iň metbugat gullugy şertnamanyň şu ýylyň ahyrynda durmuşa geçirilip başlanjakdygyny habar berdi. Şertnamanyň çäklerinde platformanyň global gurşawyny 2029-njy ýyla çenli üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Bloomberg çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, ylalaşygyň bahasy, takmynan, 7 mlrd dollar diýlip hasaplanýar.
Sony bilen Netflix-iň hyzmatdaşlygy eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edýär. 2021-nji ýylda striming hyzmaty ABŞ-da, Germaniýada we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlarynda Sony Pictures-iň filmlerini görkezmek hukugyny aldy. Täze şertnama giňelmegini dowam etdirip, bu hyzmatdaşlygy güýçlendirýär.
Sony Pictures-iň film ýygyndylarynda, beýlekilerden başga-da, «Möý adam», «Jumanji», «Jeýms Bond», «Erbetligiň mekany», «Gara geýimli adamlar», «Transilwaniýa oteli», «Arwah awçylary» we «Garagol oglanlar» ýaly kinofranşizalar bar.


şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.7k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....