Taryhda iň köp ýüklenen Subway Surfers mobil oýnunyň dowamy çykarylar

  • 18.01.2026 15:52
  • 4k+

Meşhur Subway Surfers mobil oýnunyň dowamynyň çykjak senesi belli boldy. Ol Subway Surfers City diýlip atlandyrylýar we 26-njy fewralda çykar. Taslama iOS we Android operasion ulgamlarynyň ulanyjylary üçin elýeterli bolar.

Daniýanyň SYBO studiýasy tarapyndan işlenip düzülen oýnuň ilkinji wersiýasy taryhda iň köp ýüklenen oýun hasaplanýar (4,5 milliarddan gowrak ýükleme).
Täze bölüm doly derejeli sikwel bolar. Onuň wakalary dünýäniň dürli şäherlerinden Subway City megapolisine geçiriler. Waka dört sebitde ýaýbaňlanar: port zolagy, Southline, Sunrise bulwary we Delorean seýilgähi.
Metbugat relizine görä, studiýa möwsümleýin täzelenmeleri çykarmagy meýilleşdirýär. Oýna goşmaça ýerleri, gahrymanlary, gurallary we howerbordlary hem goşmak göz öňünde tutulýar.
Tölegli kontentiň boljakdygy entek belli däl.
Bildiriş bilen birlikde kinematografik treýler çykaryldy, ýöne onda oýun prosesi görkezilmeýär. Şeýle-de bolsa, işläp düzüjiler oýundan birnäçe skrinşotlary hödürledi.

şu gün 09:33
2.6k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

şu gün 08:06
786

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
3.4k+

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 15:47
9.1k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....