Ýewropa kinoakademiýasy ýylyň iň gowy filmini atlandyrdy

  • 19.01.2026 23:07
  • 6.3k+

Režissýor Ýoakim Trieriň «Duýgy gymmatlygy» (Сентиментальная ценность) dramasy «Iň gowy film» kategoriýasynda Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragyny aldy. Dabara Berlindäki Dünýä medeniýetleriniň öýünde geçirildi.

Film alty baýraga mynasyp bolup, agşamyň iň esasy ýeňijisi boldy. Ol «Iň gowy režissýor», «Iň gowy ssenariçi», «Iň gowy aktrisa» (Renate Reinswe), «Iň gowy aktýor» (Stellan Skarsgard) we «Iň gowy saundtrek» kategoriýalarynda-da öňe saýlandy.
Ozal «Duýgy gymmatlygy» 2025-nji ýylda Kann kinofestiwalynyň Gran-prisini alypdy.
Sýužetiň merkezinde ençeme ýyl bäri umumy dil tapyşyp bilmeýän kaka bilen gyzynyň arasyndaky gatnaşyk durýar. Renate Reinsweniň gahrymany öz režissýor kakasynyň täze filminde düşmek teklibini alýan tanymal teatr aktrisasy bolýar. Olaryň gatnaşygy kakasynyň köp ýyl mundan ozal maşgaladan gitmegi sebäpli çylşyrymlaşýar.
Şeýle-de, režissýor Oliwer Laşeniň «Sirat» ispan filmi Ýewropa kinoakademiýasynyň bäş baýragyny aldy. Bu film montaž, operatorlyk işi, hudožnik-ýola goýujynyň işi, saund-dizaýn we kasting üçin baýraklara mynasyp boldy. Film ozal Kann kinofestiwalynda eminler baýragyny alypdy.
Iň gowy kostýum dizaýny üçin baýragy režissýor Maşa Şilinskiniň «Ýykylmagyň sesi» nemes filmi aldy.
Ýewropa kinoakademiýasynyň hormat baýraklary norwegiýaly aktrisa Liw Ulmana (ömründe gazanan üstünlikleri üçin) we italiýaly režissýor Aliçe Rorwahere (dünýä kinematografyna goşan goşandy üçin) berildi.
Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragy «Oskaryň» Ýewropadaky görnüşidir. Ilkinji gezek kinematografçylar bu baýragy 1988-nji ýylda aldy. Baýragyň indiki gowşurylyş dabarasy 2027-nji ýylyň ýanwarynda Gresiýanyň paýtagty Afinyda geçiriler.


şu gün 00:07
2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....