Hakyky ululygyndaky şäher: Minecraft-da Nýu-Ýorkuň takyk nusgasy gurulýar

  • 20.01.2026 11:53
  • 4.2k+

Build The Earth taslamasyndan höwesjeňler eýýäm bäş ýyl bäri Minecraft oýnunda 1:1 ölçegde Nýu-Ýorkuň nusgasyny döretmek bilen meşgullanýar. Häzire çenli edilen işler barada wideoda taslamanyň ýolbaşçysy, YouTube blogeri MineFact gürrüň berdi.

Taslamanyň üstünde 50-80 oýunçydan ybarat topar işleýär. Wirtual dünýäde şäher, takmynan, 700 inedördül kilometr meýdany eýelemeli. Häzirki wagtda Aşaky Manhetteniň köp bölegi gurlup tamamlandy. Käbir sebitlerde işler doly ýerine ýetirildi, olaryň arasynda Erkinlik adasy, Noho, Soho, Nolita, Boueri, Kiçi Italiýa, Çaýnataun, Tu-Brijes we Kanal-stritden günortadaky beýleki sebitler bar. Şäheriň bu böleginde ýeke-täk tamamlanmadyk ýer Faýnenşl-distrikt bolup galýar.
Umuman, Minecraft-da eýýäm 50 müňden gowrak bina guruldy. Taslamany döredijiler şäheriň hatda kiçijik elementlerini-de bolşy ýaly görkezmäge çalyşýar.

«Geçen ýyllaryň dowamynda biz ownujak zatlaryň hem nähili möhümdigine düşündik. Mysal üçin, Nýu-Ýorkdan tötänleýin bir oglan oýna girýär we balkondaky gülli küýzesiniň hakyky durmuşdaky ýerinde durandygyny görýär – ana, şonda siz ähli zadyň ýokary derejelidigine düşünýärsiňiz. Olaryň reaksiýalary hemişe gymmatly» – diýip, taslamanyň awtory belledi.

Häzirlikçe şäheriň sanly nusgasyny tamamlamak üçin näçe wagtyň gerekdigi belli däl. 


şu gün 20:25
1.9k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 16:55
2.9k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

düýn 23:56
5.8k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......