«Arassa zeminiň ýyldyzy»: Şri-Lankada 3,5 müň karat agramly iň uly ýakut daşy görkezildi

  • 21.01.2026 11:56
  • 4.4k+

Şri-Lankada 3 563 karat agramly, ýyldyz öwüşginini berýän dünýäde iň uly benewşe ýakut daşy görkezildi. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, onuň bahasy 300-400 mln dollara barabar diýip, Associated Press habar berýär.

Daş «Arassa zeminiň ýyldyzy» adyny aldy. Ol dünýäde hasaba alnan ýyldyz öwüşginli iň uly tebigy benewşe ýakut daşy hasaplanýar.

«[Ýakut] aýdyň göze ilip duran asterizmi görkezýär. Onuň alty şöhleli asterizmi bar. Bu beýleki ähli daşlara meňzemeýän üýtgeşik bir zat» – diýip, maslahatçy-gemmolog Aşan Amarasinghe belledi.

Asterizm – bu ýagtylygyň täsiri bilen daşyň ýüzünde görünýän ýyldyz şekilli effektdir. Ol ýylmanan şar şekilli ýa-da beýleki güberçek daşlarda has gowy görünýär.  
Ýylmanan gymmat bahaly daş Star of Pure Land Team toparyna degişlidir. Toparyň agzalary howpsuzlyk sebäpli nämälim bolup galmak isledi. Eýeleriniň biriniň aýtmagyna görä, ýakut daşy 2023-nji ýylda Şri-Lankanyň günorta-günbataryndaky Ratnapura şäheriniň golaýynda tapyldy.

şu gün 09:33
1k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

şu gün 08:06
629

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

şu gün 08:04
2.2k+

Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi....

düýn 15:47
8.7k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....