Ene-atalar çagalaryň we ýetginjekleriň YouTube-da Shorts görmek üçin sarp edýän wagtyny çäklendirip biler

  • 18.01.2026 11:27
  • 3.6k+

YouTube ene-ata gözegçiligi üçin täze funksiýalary girizýär. Bu ýetginjekleriň Shorts wideolaryny görmek üçin sarp edýän wagtyny çäklendirmäge mümkinçilik berer. Ýakyn wagtda ene-atalar we hossarlar şeýle wideolara tomaşa etmegiň wagtyny öz dolandyrýan akkauntlarynda nola çenli azaldyp biler.

Şeýle-de, platforma ýetginjeklere öz ýaşlaryna laýyk gelýän wideolary teklip edip başlar.

«Bu pudakda ene-atalara öz çagalarynyň tomaşa edýän gysga metražly kontentleriniň möçberini doly derejede gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýän ilkinji funksiýadyr» – diýip, YouTube-yň önümleri dolandyrmak boýunça wise-prezidenti Jennifer Flanneri O’Konnor öz blogunda ýazdy.

13 ýaşdan 17 ýaşa çenli ulanyjylar üçin arakesme etmelidigi we ýatmagyň wagty bolandygy barada ýatlatmalar awtomatik usulda işjeňleşdiriler. Mundan başga-da, hyzmat ýetginjeklere bilim we öwrediji wideolary has köp hödürlär.
Kompaniýa täze funksiýalaryň Ýaşlar konsultatiw komitetiniň, Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň, Amerikan psihologiýa assosiasiýasynyň, Bostonyň çagalar hassahanasynyň sanly abadançylyk barlaghanasynyň we beýleki guramalaryň gatnaşmagynda işlenip düzülendigini habar berýär.
Ýakyn hepdelerde çagalar akkauntlaryny hasaba almagyň täzelenen prosesi elýeterli bolar. Ulanyjylar ykjam goşundyda akkauntlaryň arasynda çalt geçip biler. O’Konnoryň aýtmagyna görä, bu «maşgalanyň her bir agzasyna kontent sazlamalary we olaryň, hakykatdan hem, görmek isleýän, ýaşa laýyk gelýän kontent teklipleri bilen dogry tomaşa tejribesini gazanmaga» kömek eder.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......