Threads-yň auditoriýasy 320 mln ulanyjydan geçip, X-iň görkezijilerinden ýokary boldy

  • 19.01.2026 22:57
  • 1.2k+

Threads sosial ulgamlaryň bazarynda orunlaryň paýlanyşyny sessiz we ynamly üýtgedip başlady. 2026-njy ýylyň ýanwaryna çenli Meta-nyň platformasynyň auditoriýasy 320 mln işjeň ulanyjydan geçdi – bary-ýogy bir aýda ösüş 30 mln ulanyjydan gowrak boldy.

Sosial ulgamyň güýçlenýän mahaly, onuň bäsdeşi X (öňki Twitter) ters ugurda hereket edýär: Ilon Maskyň sosial ulgamynyň gündelik işjeň ulanyjylarynyň sany bir ýylda tas 12% azaldy, Threads bolsa bu döwürde 38% ýokarlandy.
Tapawut mobil gurluşlarda hem görünýär. Ýanwar aýynyň ilkinji 13 gününde Threads-yň ortaça gündelik mobil auditoriýasy 143,2 mln adama ýetdi. X-iň bu görkezijisi 126,2 mln adama çenli azaldy. Öwrülişik pursaty geçen ýylyň 5-nji sentýabrynda boldy: şol wagt Threads ilkinji gezek mobil ulanyjylaryň sany boýunça X-den öňe geçipdi.
Üýtgeşmeler mahabat berijilere hem täsirini ýetirýär. Brendler durnukly platforma hökmünde Threads-y köp saýlap başlady. Şonuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda X-iň mahabat girdejisi 2,4 mlrd dollara çenli düşdi, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 13,7% azdyr.


19.06.2026 19:38
636

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......