Amazon "Fallout" oýny boýunça realiti-şou çykarar: gatnaşyjylar "ummasyz pul baýragy" üçin bunkerde diri galmaga synanyşmaly

  • 19.01.2026 14:13
  • 1.8k+

Amazon kompaniýasy adybir oýun esasynda Fallout Shelter realiti-şüweleňiniň başlanjakdygyny yglan etdi. Korporasiýa ýeňijä ýa-da ýeňijilere "uly möçberde pul baýragyny" wada berýär.

Gatnaşyjylar ýerasty gaçybatalgada (bunkerde) ýaşap, ýowuz synaglardan we dürli oýun tabşyryklaryndan (kwestlardan) geçerler, şeýle hem çylşyrymly ahlak saýlawlaryny etmeli bolarlar — hemme zat edil Fallout älemindäki ýaly bolar.
Taslama üçin kastingler eýýäm açyk. Şüweleöiň çykjak senesi heniz yglan edilmedi. Jemi 10 bölüm çykarmak meýilleşdirilýär.
Taslamanyň önümçiligi bilen Studio Lambert kompaniýasy meşgullanar (bu kompaniýa ozal "Kalmar oýny" esasyndaky realiti-şou, şeýle hem The Traitors we Undercover Boss ýaly taslamalary döredipdi). Şeýle hem, täze şüweleňiň üstünde Fallout serialyny döreden Kilter Films kompaniýasy işleýär.


şu gün 12:24
329

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
680

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....