«Awatar-yň» režissýory ogurlykda aýyplanýar: aktrisa K’Orianka Kilçer Jeýms Kamerony kazyýete berdi

  • 09.05.2026 13:13
  • 7.5k+

Aktrisa K’Orianka Kilçer «Awatar» franşizasynyň awtory Jeýms Kamerony kazyýete berip, režissýoryň Neýtir atly gahrymanynda öz daş keşbini bikanun ulanandygyny öňe sürýär.

Kazyýete berlen arzada 2005-nji ýylda «Täze dünýä» («The New World») filmi çykandan soň, Kameronyň ýaş aktrisa bilen gyzyklanyp başlandygy aýdylýar. Resminamada beýan edilişine görä, režissýoryň «Lightstorm Entertainment» kompaniýasynyň topary Kilçeriň ýüzüniň üç ölçegli (3D) nusgalaryny döredipdir we bu materiallary aktrisanyň razylygy bolmazdan ýörite effekt studiýalaryna beripdir.

Aktrisa öz arzasynda «Kameronyň eden işi ylham almak däl-de, ogurlykdyr. Ol Amerikanyň ýerli halkyndan bolan 14 ýaşly gyzyň özboluşly ýüz sypatlaryny alyp, olary önümçilik işinde ulandy we milliardlarça dollar girdeji gazandy. Munuň üçin bolsa ol gyzdan bir gezek hem rugsat soralmady. Bu kino döretmek däl, bu ogurlykdyr» diýip ýazýar.

Kilçer bolup geçen bu ýagdaýyň hem maddy, hem-de ahlak taýdan nädogrydygyny öňe sürýär. Ol režissýoryň öz keşbini gizlin ýol bilen ulanmagyna garaşmandyr. Aktrisa çekilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny, işiň köpçülikleýin öwrenilmegini we geljekde şeýle hereketleriň gadagan edilmegini talap edýär.

Jeýms Kameron häzirki wagta çenli bu aýyplamalar barada hiç hili resmi düşündiriş bermedi.


düýn 22:06
370

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......