Tolqyn Film Fund Merkezi Aziýaly awtorlar üçin kino taslamalary bäsleşigini yglan etdi

  • 10.05.2026 15:15
  • 959

«Tolqyn Film Fund» wençur gaznasy Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan awtorlar üçin täze kino taslamalary bäsleşiginiň açylandygyny mälim etdi.

Bäsleşigiň şertleri we möhleti:

Arza bermek möhleti: 2026-njy ýylyň 30-njy maýyna çenli dowam eder.

Maksady: täjirçilik taýdan geljegi uly bolan ssenariýalary tapmak we sebitde bitewi kino industriýasyny kemala getirmek.

Gatnaşyjylar: dowamlylygy 75 minutdan az bolmadyk çeper we animasiýa filmleri kabul edilýär.

«Tolqyn Film Fund OEIC Ltd.» gaznasy «DASCO Capital» tarapyndan dolandyrylýar we Astana halkara maliýe merkeziniň (AIFC) meýdançasynda hasaba alnandyr. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň aýdyňlygyna kepil geçýär. Gazna taýýar ssenariýa tapgyryndaky taslamalara maýa goýýar we olaryň halkara bazarlaryna hem-de platformalaryna çykyp bilmegi üçin goldaýar.

Häzirki wagta çenli gazna bäş sany filmi maliýeleşdirdi. Olaryň arasynda Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Russiýada uly gyzyklanma döreden «Дәстүр: теріс бата» filmi hem bar. Gazna 2028-nji ýylyň tomsuna çenli jemi 20-ä golaý kino taslamasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär.

Saýlama tapgyrlary:

Birinji tapgyr: täjirçilik mümkinçiligi bolan taslamalaryň «short-list» sanawy düzülýär;

Ikinji tapgyr: toparlar öz taslamalaryny Synçylar geňeşiniň öňünde tanyşdyrýarlar;

Üçünji tapgyr: iň oňat taslamalar Maýa goýum komitetine hödürlenýär we şol ýerde maliýeleşdirmek barada gutarnykly karar kabul edilýär.

«Biz diňe bir Gazagystanyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň kino pudagynda uly geljegi görýäris. 80 millionlyk umumy bazar, esasan hem ýaş tomaşaçylar, uly kassa ýygymlaryny kemala getirmäge ukyplydyr» – diýip, «DASCO Capital-yň» baş direktory Darmen Sadwakassow belleýär.

Gaznanyň ýolbaşçysy, prodýuser Ernar Kurmaşew bolsa: «Bizde güýçli sebit kino industriýasyny gurmak üçin hemme zat – meňzeş medeniýet, dil, mentalitet we örän baý taryhlar bar. Täze tehnologiýalar bilen birleşip, biz öz gahrymanlarymyz we gymmatlyklarymyz bolan «Merkezi Aziýa Golliwudyny» gurup bileris» diýmek bilen, maksatlarynyň uludygyny nygtaýar.

Habarlaşmak üçin:

E-poçta: tolqyn@dasco.kz

Telefon: +7 701 352 44 65

Resmi saýt: dasco.kz (bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmak üçin).


şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....