Google başga çeşmelerden programmalaryň Android-e gurnalmagyny kynlaşdyrar

  • 22.01.2026 12:20
  • 1.9k+

Google kompaniýasy Android-de Google Play resmi dükanyndan başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň tertibiniň üýtgediljekdigini tassyklady. Bu barada Google Play önümlerini dolandyrmak boýunça müdir Metýu Forsaýt X sosial ulgamynda habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa üçünji tarap programmalarynyň gurnalmagyna gönüden-göni gadaganlyk girizmeýär, gürrüň bu ýerde «jogapkärçilik derejesiniň» girizilmegi baradadyr. Ol tassyklanmadyk işläp düzüjilerden APK faýllaryny işe girizmezden öň ulanyjy tarapyndan goşmaça hereketleriň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar.
Forsaýt tejribeli ulanyjylaryň öňküsi ýaly «Barlamazdan gurnamagy» saýlap biljekdigini belledi. Ýöne bu ýol birnäçe goşmaça ädimlerden ybarat bolup, olaryň maksady enjamyň eýesiniň üçünji tarap programmasyny gurnamakda bolup biljek töwekgelçiliklere düşünýändigine göz ýetirmekdir.
Android Authority-nyň belleýşi ýaly, täze düzgünler baradaky maglumatlar Google Play-iň soňky wersiýalarynyň kodundaky üýtgeşmeler bilen gabat gelýär. Ol ýerde eýýäm programma işläp düzüjilerini barlamak bilen baglanyşykly täze duýduryşlar peýda boldy. Şol bir wagtyň özünde, gurnama prosesiniň nähili kynlaşjakdygy belli däl. Smartfony hökman kompýutere birikdirmelidigi ýa-da başga gurallary ulanmalydygy barada hiç zat aýdylmaýar. 


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......