«Eýforiýa» serialynyň 3-nji möwsüminiň treýleri HBO rekordyny goýdy

  • 19.01.2026 12:54
  • 1.8k+

«Eýforiýa» serialynyň üçünji möwsüminiň ilkinji treýleri çykandan soňky ilkinji 48 sagadyň dowamynda 100 milliona golaý tomaşaçy toplady. Bu hakda Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Deadline habar berýär.

Bu, HBO Max platformasynyň taryhynda asyl nusgaly serial treýleri üçin şeýle wagt aralygynda iň ýokary tomaşaçy sanydyr.
Deňeşdirmek üçin aýtsak, «Biziň soňkymyz» («Одни из нас» 2024) serialynyň ikinji möwsüminiň treýleri üç günüň dowamynda 158 million tomaşaçy toplapdy, «Tagtlar oýny» («Игры престолов» 2019) serialynyň soňky möwsüminiň treýleri bolsa ilkinji 24 sagadyň dowamynda 81 million tomaşaçy toplady.
Ýetginjeklere niýetlenen «Eýforiýa» filmi 2019-njy ýylda ýaýlyma goýberildi. HBO-nyň maglumatyna görä, taslama teleýaýlymyň taryhyndaky iň köp tomaşa edilen filmleriň arasynda. Filmiň ikinji möwsüminiň 2022-nji ýylda ýaýlyma berlen final bölümi 6,6 million tomaşaçyny özüne çekdi.
Üçünji möwsümiň 2026-njy ýylyň 12-nji aprelinde görkezilmegi meýilleşdirilýär. Onuň soňky möwsüm bolmagyna garaşylýar.
Zendeýa, Sidni Suini, Jeýkob Elordi, Hanter Şefer we beýleki aktýorlar öňki keşplerine dolanarlar. Sýužet öňki möwsümlerdäki wakalardan birnäçe ýyl soň dowam eder. Onda gahrymanlar orta mekdebi tamamlap, ululyk döwrüne gadam basýarlar.


düýn 09:33
7.6k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
10k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.4k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......