1.1k+

ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar...

6.6k+

«Waranasi» filmi hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat film bolar

«RRR» we «Bahubali» filmleri bilen tanalýan hindi režissýory S.S. Rajamuli hindi kinematografiýasynyň taryhynda iň gymmat taslama boljak «Waranasi» atly täze filminiň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär...

8.3k+

Mumbaýda Hindistanyň iň beýik täze gökdiräni gurlup gutaryldy

​Mumbaýda Minerva Tower atly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy tamamlandy. Bu bina 301 metr beýikligi bilen Hindistanyň iň beýik gökdiräni boldy. Bu barada taslamany işläp düzen "Architect Hafeez Contractor" arhitektura býurosy habar berdi...

3.2k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür...

4.6k+

Britni Spirs öz aýdymlaryna bolan hukugy 200 mln dollara satdy

Amerikaly aýdymçy Britni Spirs öz aýdym-saz katalogyna bolan hukugy, takmynan, 200 mln dollara satdy. Bu barada NBC teleýaýlymy şertnamanyň şertleri bilen tanyş bolan çeşmä salgylanyp habar berýär. Maglumatlara görä, şertnama aýdymçy bilen Primary Wave kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy...

5.9k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

3.4k+

Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler

17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar...

2.2k+

Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň  dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi...

2k+

MrBeast Z we Alfa nesilleri üçin niýetlenen bank goşundysyny satyn aldy

Dünýäniň iň meşhur ýutubçysy Jimmi "MrBeast" Donaldsonyň eýeçiligindäki Beast Industries kompaniýasy ýetginjeklere we ýaşlara hyzmat edýän Step bank goşundysyny satyn alandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu ylalaşyk Donaldsonyň şahsy maliýe serişdelerine we maýa goýumlaryna bagyşlanan täze YouTube kanalyny açmagynyň yzýanyndan baglaşyldy...

7k+

Gartaşýan dünýäde ilatyň azalmagy nähili töwekgelçilikleri döredýär?

Geçen aýda Hytaý 1949-njy ýyldan bäri iň pes dogluş derejesi barada habar beripdi. ABŞ-da bolsa ilatyň ösüşi, immigrasiýanyň azalmagy we dogluş derejesiniň dowamly peselmegi sebäpli, rekord derejede haýallady. Şuna meňzeş ýagdaýlar Hindistanda, Günorta Koreýada, Italiýada, Kolumbiýada we Meksikada hem hasaba alynýar...

8.2k+

Äpet nemes dogy Minni Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Nemes dogy tohumyndan bolan  Minni lakamly it dünýäniň iň uly iti hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adatça erkek  itler daýaw bolýar diýlip hasap edilse-de, boýy gerişden ölçelende 97,5 santimetre ýetýän Minnini-de olardan kemlär ýaly däl...

3.7k+

Superboul-yň finalynda hemmeler "Çirkin ses 7-ni" eşitdi

Paramount Pictures kinostudiýasy "Çirkin ses 7" (Крик 7) gorkuly filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideorolik ilki Superboul oýny wagtynda görkezildi, soňra bolsa YouTube platformasynda köpçülige ýaýradyldy...

2.4k+

Multfilmiň täze treýlerinde minýonlar kino düşýärler we nägehanlary gözleýärler

Illumination Entertainment studiýasy tarapyndan döredilen "Ýigrenji men" (Гадкий я) animasiýa franşizasynyň dowamy bolan "Minýonlar we Nägehanlar" (Миньоны и Монстры) multfilminiň ilkinji treýleri ýaýradyldy. Täze taslama "spin-off" görnüşinde bolup, esasy ünsi minýonlaryň nobatdaky başdan geçirmelerine gönükdirer...

1.7k+

«Watan» kinokonsert merkezinde jazz konserti geçiriler

28-nji fewralda Aşgabadyň «Watan» kinokonsert merkezinde Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygyndaky «Jazz till dawn» jaz orkestriniň konserti bolar. Baýramçylyk maksatnamasynda zehinli aýdymçylar Döwran Şammyýew, Bahar Durdyýewa we Täzegül Baýramowa dagy solist hökmünde çykyş eder...

7k+

Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby gulluga gitdi

Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby taýýarlykdan geçip başlady we ýurduň ýaragly güýçleriniň ätiýaçlykdaky düzümine ýazyldy. Asly Argentinaly bolan şa zenany harby okuwlary tamamlanyndan soň, ätiýaçlykdaky harby gullukçylaryň wezipelerini ýerine ýetirip biler...

1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

3.7k+

Göze ilmeýänleriñ gözelligi CUPOTY 2025 bäsleşiginiň ýeňijileriniň suratlarynda

​«Ýakyn aralykdan düşürýän ýylyň suratçysy» (Close-Up Photographer of the Year, CUPOTY) halkara bäsleşiginiň eminleri geçen ýylyň jemlerini jemläp, ýeňijileri yglan etdiler. Baýraklar makroformatda düşürilen haýwanat dünýäsini, ösümlikleri, mör-möjekleri we tebigy peýzažlary öz içine alýan birnäçe ugurlar boýunça gowşuryldy...

781

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...