Pol Tomas Anderson ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň baş baýragyna mynasyp boldy

  • 09.02.2026 16:16
  • 2.2k+

Los-Anjelesde ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň (DGA) 78-nji baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär. Bu baýragyň ýeňijileri, adatça, geljekki "Oskar" baýragynyň hem esasy dalaşgärleri hasaplanýar.

Bu ýylyň esasy baýraklaryna şu aşakdakylar mynasyp boldy:

  • Çeper filmdäki iň oňat režissýorlyk işi: Pol Tomas Anderson — "Bir söweşden soň beýleki" («Битва за битвой»);
  • Iň oňat režissýorlyk başlangyjy: Çarli Polinger — "Çuma" (Чума);
  • Dramatik serialdaky iň oňat režissýorlyk işi: Amanda Marsalis — "Pitt hassahanasy" (Больница Питт, "18:00" seriýasy);
  • Komediýa serialyndaky iň oňat režissýorlyk işi: Set Rogen we Ewan Goldberg — "Kinostudiýa" ("The Oner" seriýasy).

Ýeňijileriň doly sanawy bilen Variety neşiriniň saýtynda tanşyp bilersiňiz.
"Doly metražly filmde iň oňat režissýorlyk işi" kategoriýasynda dalaşgär görkezilen bäş režissýoryň hemmesine Gildiýanyň ýörite medalýonlary gowşuryldy. Medalýony gowşurmak dabarasynda dünýä meşhur ýyldyzlar gatnaşdy. Pol Tomas Andersona baýragyny Leonardo Di Kaprio gowşurdy. Gilýermo del Torony ("Frankenşteýn") Jeýkob Elordi gutlady. Joş Sefdini ("Marti Beýik") Timoti Şalame sylaglady. Hloýa Çžaony ("Hamnet") Stiwen Spilberg gutlady. Raýan Kugleri ("Günäliler") bolsa Maýkl B. Jordan sylaglady.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....