Jeýson Momoa "Helldivers" oýnunyň ekranlaşdyrylyşynda baş keşbi janlandyrar

  • 12.02.2026 23:27
  • 2.2k+

​Jeýson Momoa "Arrowhead Game Studios" tarapyndan döredilen meşhur wideo oýnunyň esasynda surata düşüriljek "Helldivers" filminde baş keşbi janlandyrmaga hukuk gazandy. Bu barada "The Hollywood Reporter" neşiri habar berýär.

​Filmiň režisýory "Forsaž" (Fast & Furious) franşizasy bilen tanalýan Jastin Lin bolar. Taslamany "Sony Pictures" we "PlayStation Productions" kompaniýalary bilelikde taýýarlaýar. Filmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 10-njy noýabryna meýilleşdirildi.
​Ssenariýany "It" we "Annabelle" ýaly filmleriň awtory Geri Doberman ýazdy. Prodýuserler toparynda Hatç Parker, Asad Kyzylbaş we Jastin Lin bar. Taslamanyň beýleki aktýorlary heniz mälim edilmedi.
Film "Super Ýer" diýlip atlandyrylýan fantastiki planeta wehim salýan gelmişeklere garşy söweşýän elit esgerler topary barada gürrüň berer.
Aktýor "Tagtlaryň oýny" (Game of Thrones) seriýasyndaky Hal Drogo, DC älemindäki Akwamen we "Minecraft" filmindäki Garret Garrison keşpleri bilen dünýä meşhurdyr.
"Helldivers" oýnunyň birinji bölegi 2015-nji ýylda, ikinji bölegi bolsa 2024-nji ýylda çykdy. "Helldivers 2" çykan ilkinji üç aýynyň içinde 12 million nusgada satylyp, Sony-nyň iň şowly oýunlarynyň birine öwrüldi. Bu taslama bolsa agzalan oýun seriýasy boýunça surata düşürilýän ilkinji filmdir.

 


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....