Britni Spirs öz aýdymlaryna bolan hukugy 200 mln dollara satdy

  • 12.02.2026 18:59
  • 4.6k+

Amerikaly aýdymçy Britni Spirs öz aýdym-saz katalogyna bolan hukugy, takmynan, 200 mln dollara satdy. Bu barada NBC teleýaýlymy şertnamanyň şertleri bilen tanyş bolan çeşmä salgylanyp habar berýär. Maglumatlara görä, şertnama aýdymçy bilen Primary Wave kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy. Bu habary Bi-bi-si hem tassyklap, geleşigiň 2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda baglaşylandygyny aýdyňlaşdyrar.
Primary Wave kompaniýasy 2006-njy ýylda döredilip, awtorlyk hukuklaryny dolandyrmak we aýdym-saz neşirýaty ulgamynda işleýär. Kompaniýa Uitni Hýuston, Bob Marli we The Doors topary ýaly meşhur artistleriň kataloglaryna eýeçilik edýär, şeýle hem häzirkizaman aýdym-saz eserlerine bolan hukuklary işjeň satyn alýar.
Aýdym-saz kataloglaryna bolan hukuklary satmak soňky ýyllaryň esasy tendensiýalarynyň birine öwrüldi. Mysal üçin, Bob Dilan 2020-nji ýylda öz katalogyny Universal Music Group kompaniýasyna satdy. Şertnamanyň bahasy resmi taýdan mälim edilmese-de, ol 300 mln dollar töweregi diýlip hasaplandy. 2021-nji ýylda bolsa Brýus Springstin öz katalogyny Sony Music Entertainment kompaniýasyna, takmynan, 500 mln dollara satypdy.


08.06.2026 16:29
4k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......