Superboul-yň finalynda hemmeler "Çirkin ses 7-ni" eşitdi

  • 10.02.2026 10:42
  • 3.7k+

Paramount Pictures kinostudiýasy "Çirkin ses 7" (Крик 7) gorkuly filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideorolik ilki Superboul oýny wagtynda görkezildi, soňra bolsa YouTube platformasynda köpçülige ýaýradyldy.

Meşhur sleşer-franşizasynyň ýedinji bölüminde biz ýene-de köne tanyşlarymyz — Niw Kempbell, Kortni Koks we Dewid Arketti göreris. Taslama "Çirkin ses" filminiň ilkinji ssenariçisi Kewin Uilýamson hem dolanyp geldi. Ol bu gezek diňe bir ssenariniň awtory däl, eýsem filmiň režissýory hökmünde-de çykyş edýär.
Wakalaryň merkezinde ýene-de 1996-njy ýyldaky original filmiň baş gahrymany Sidni Preskott durar. Ýatladyp geçsek, Niw Kempbell studiýa bilen maddy meselelerde ylalaşyp bilmändigi sebäpli, filmiň altynjy bölegine gatnaşmandy.
"Çirkin ses 7-niň" taýýarlyk döwri birnäçe galmagallar bilen utgaşdy: 2023-nji ýylyň noýabrynda studiýa syýasy garaýyşlary sebäpli Melissa Barrera bilen hyzmatdaşlygy bes etdi. Şondan bir gün soň, meşhur aktrisa Jenna Ortega iş grafiginiň gabat gelmeýändigi sebäpli taslamadan gidýändigini mälim etdi. Soňra bolsa režissýor Kristofer Lendon hem taslamany terk etdi.
"Çirkin ses 7" filminiň dünýä prokatyna çykjak wagty 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyna meýilleşdirildi.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....