ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy

  • 13.02.2026 10:59
  • 1.1k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar.

Kompaniýanyň bellemegine görä, Plus, Pro, Business, Enterprise we Education nyrhnamalaryny ulanýanlar üçin hyzmat mahabatsyz bolmagynda galar.
Mahabatlar açyk-aýdyň görnüşde bellenen "hemaýatkärlik bildirişleri" hökmünde hödürlener. Olar emeli aňyň berýän adaty jogaplaryndan wizual taýdan tapawutlandyrylar. Bu bolsa ulanyjylaryň mahabaty modeliniň berýän netijesi bilen garyşdyrmazlygy üçin edilýär.
OpenAI ChatGPT-niň jogaplarynyň mahabat berijilerden garaşsyzdygyny we olaryň mazmunyna hiç hili täsir edilmeýändigini nygtaýar.
Mahabatlar söhbetdeşligiň mowzugyna, öňki çatlara we mahabatlar bilen bolan gatnaşyklara görä saýlanar. Meselem, nahar bişirmek barada gürrüň gidende, azyk önümleri ýa-da nahar eltip bermek hyzmatlary baradaky bildirişler peýda bolup biler.
Mahabat berijiler ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryna ýa-da söhbetdeşlikleriniň mazmunyna elýeterlilik alyp bilmezler. OpenAI olara diňe umumy statistikany berýär.
Mahabatlardan gelýän girdeji infrastruktura çykdajylaryny ýapmaga we emeli aň mümkinçiliklerini has giň auditoriýa ýetirmäge kömek eder. Şeýle-de, ABŞ-da aýda 8 dollar bolan täze "Go" nyrhnamasy hem elýeterli edildi. Mahabat görmek islemeýän ulanyjylar has gymmat nyrhnamalary saýlap bilerler ýa-da käbir çäklendirmeler bilen mahabaty öçürip bilerler.


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......