Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

  • 12.02.2026 11:38
  • 6.1k+

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär. Munuň iň täze mysaly — Galaxy S27 modelinde kamerasynyň üýtgeýän diafragmasynyň gaýtadan peýda bolmagydyr.

ETNews neşiriniň berýän maglumatyna görä, iPhone 18 Pro modeliniň üýtgeýän diafragmaly kamera bilen enjamlaşdyrylyp bilinjekdigi baradaky habarlar Samsung-y hem herekete getirdi. Kompaniýa eýýäm öz üpjünçilerinden degişli komponentleri döretmegi we synagdan geçirmegi talap etdi. Bu işe "Samsung Electro-Mechanics" we "MCNEX" ýaly esasy şereketler çekildi.
Samsung-yň bu çemeleşmesi Apple-yň islendik ädiminiň, aýratyn-da flagman modellerindäki täzeçillikleriň Samsung-yň önümçilik zynjyrynda nähili çalt täsir döredýändigini görkezýär.
Insaýderiň bellemegine görä, bu ýagdaý diňe kameralar bilen çäklenmeýär. Apple titan korpusa geçende, Samsung hem derrew bu ugry saýlady.
Apple titandan ýüz öwürmek barada karara gelende, Samsung-yň hem meýilnamalaryny çalt üýtgedendigi mälim edildi.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

12.05.2026 14:43
7.9k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....