Täze «Spider-Noir» serialynyň ilkinji suratlary çap edildi: baş keşbi Nikolas Keýj ýerine ýetirýär

  • 12.02.2026 09:07
  • 1.8k+

Esquire neşiri «Spider-Noir» («Möý-Nuar») serialyndan ilkinji suratlary çap etdi. 
Sekiz bölümden ybarat bolan birinji möwsüm şu ýylyň baharynda Prime Video platformasynda görkezilip başlanar (anyk senesi heniz belli däl). Döredijileriň bellemegine görä, tomaşaçylar bir wagtyň özünde serialyň reňkli hem-de nusgawy nuar filmlerine öýkünýän ak-gara görnüşine tomaşa edip bilerler.

Täze taslama «Möý-adam» äleminiň spin-offy bolup, wakalar geçen asyryň 30-njy ýyllarynda parahorlyga we jenaýata çümen Nýu-Ýorkda bolup geçýär. 
Serialyň baş gahrymany - garrap barýan şahsy aňtawçy Ben Raýli (onuň keşbini Nikolas Keýj janlandyrýar). Ol geçmişi bilen bagly dildüwşügiň arasyna düşýär. Wakalar ony jenaýat dünýäsiniň belli şahsyýeti Silwermeýn (Brendan Glison) bilen ýüzbe-ýüz edýär.

Nikolas Keýjiň gahrymany özüni alyp barşy we daş keşbi bilen meşhur aktýor Hamfri Bogartyň kinodaky keşplerini ýada salýar. 
Aýtmaklaryna görä, baş gahrymanyň lakamyna «Möý-adam» däl-de, diňe «Möý» (Tha Spider) diýler. Bu ýagdaý Marvel-iň ygtyýarnama meselesi bilen bagly bolman, eýsem «Ar alyjylar» (The Spirit) we «Kölege» (The Shadow) filmlerindäki klassiki nuar supergahrymanlaryna özboluşly salgylanmadyr.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....