"Superboul-2026" dabarasynda hödürlenen iň uly kino-anonslar: Kliff Butdan Supergyza çenli

  • 10.02.2026 11:19
  • 2.7k+

9-njy fewrala geçilen gije ABŞ-da Milli Futbol Ligasynyň finaly bolan 60-njy "Superboul" geçdi. Dünýä jemgyýetçiligi üçin bu waka diňe bir sport däl, eýsem iň garaşylýan filmleriň täze treýlerleriniň görkezilýän meýdançasy hökmünde hem uly ähmiýete eýedir.

Her ýyl 100 milliondan gowrak tomaşaçynyň ekran başyna ýygnanmagyndan peýdalanýan iri kinostudiýalar, bu gezek hem 2026-njy ýylyň iň uly taslamalaryny hödürlediler.

"Kliff Butuň başdan geçirmeleri" («Приключения Клиффа Бута»)
Bu taslama Kwentin Tarantinonyň karýerasyndaky ilkinji "sikwel" (dowamy) boldy, ýöne filmiň režissýory hökmünde Dewid Finçer çykyş edýär.
Bred Pittiň janlandyrýan gahrymany Kliff But 1970-nji ýyllaryň Golliwudynda meseleleri çözüji hökmünde işleýär. Treýler "Bir gezek Golliwudda" filmine garanyňda has garaňky komediýa äheňli görünýär. Häzirlikçe bu taslamanyň doly metražly film ýa-da mini-serial boljakdygy anyklanmady. Netflix çykjak wagtyny gizlin saklaýar.

"Awe Mariýa" taslamasy" («Проект „Аве Мария“»)
Raýan Goslingiň gatnaşmagyndaky ylmy-fantastiki film. Mekdep mugallymy Günüň ulgamyna wehim salýan maddany öwrenmek üçin kosmos saparyna ugradylýar. Režissýorlar Fil Lord we Kristofer Miller. Premýera: 20-nji mart.

"Böküjiler" (Прыгуны)
Pixar studiýasy tebigaty öwrenmek üçin öz aňyny robotlaşdyrylan babyra geçiren gyzjagaz baradaky multfilmiň tizerini görkezdi. Premýera: 6-njy mart.

"Paş edilme güni" («День разоблачения»)
Ýylyň iň garaşylýan filmleriniň biri bolan Stiwen Spilbergiň täze ylmy-fantastikasy. Başga planetalynyň Ýer ýüzüne gelmegine bagyşlanýar. Aktýorlar: Emili Blant, Joş O’Konnor we Kolin Fert. Dünýä premýerasy: 12-nji iýun.

"Mandalores we Grogu" («Мандалорец и Грогу»)
Jon Fawronyň filmi gysgaça tizer aldy. Tomaşaçylara diňe syýahat edýän Mandalores we Grogu görkezildi. Prokata çykjak wagty: 22-nji maý.

"Supergýorl" (Супергёрл)
DC studiýasy Supermeniň uýasynyň (Milli Olkok) başdan geçirmeleri baradaky ikinji tizeri hödürledi. Bu gezek esasy üns Kripto atly ite gönükdirildi. Premýera: 26-nji iýun.

"Super Mario: Galaktika kinosy" («Супер Марио: Галактическое кино»)
Meşhur multfilmiň dowamy Ýoşi, Todd we Dinozawr gatnaşmagyndaky 15 sekuntlyk wideo bilen ýatlatdy. Dünýä prokaty: 1-nji aprel.


düýn 20:52
2.2k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.9k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.2k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 11:08
2.5k+

Agata Kristiniň syrly ýitirim bolşy barada film düşüriler

Felisiti Jons «On bir ýitirilen gün» (Одиннадцать пропущенных дней») diýlip atlandyrylýan täze detektiw filminde Agata Kristiniň keşbini janlandyrar. Bu film ýazyjynyň 1926-njy ýyldaky syrly ýitirim......