BMGÖM we Türkmenistan batgalyk-suwly ýerlere sanly gözegçiligi maslahatlaşdy

  • 12.02.2026 12:10
  • 2.2k+

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Daşky gurşawy goramak ministrligi we Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkezi bilen bilelikde Bütindünýä batgalyk-suwly ýerleriň güni mynasybetli tegelek stol maslahatyny geçirdi. 9-njy fewralda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçirilen duşuşyk ýer we suw serişdeleriniň sanly gözegçiligi arkaly howa durnukly tejribeleriň gerimini giňeltmäge bagyşlandy.
Bu çäre BMGÖM-niň «Aral deňziniň basseýninde köp sanly peýdalary almak üçin ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde guraldy. Oňa döwlet edaralarynyň, ylmy-barlag guramalarynyň, goralýan ýerleriň dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatda esasy üns Amyderýanyň basseýninde ekoulgamlary dikeltmäge, batgalyk-suwly ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga we sanly tehnologiýalar hem-de ylmy usullar arkaly ýerleriň degradasiýasynyň bitaraplygyny (LDN) öňe sürmäge gönükdirildi.
«Türkmenistan ylmy maglumatlary ýygnamak arkaly möhüm ornitologik meýdançalaryň (IBA) gözegçiligini giňeldip, Ramsar konwensiýasy boýunça öz borçlaryny berjaý edýär. Tebigy goraghanalarymyzy güýçlendirmek we ýöriteleşdirilen gerbariý toplumlaryny döretmek bilen, biz batgalyk-suwly ýerlerimiziň halkara biodürlülik we ýerleriň degradasiýasynyň bitaraplygy standartlaryna laýyk gelmegini üpjün edýäris» — diýip, Ramsar konwensiýasynyň milli utgaşdyryjysy Rüstem Nuryýew belledi.
Gatnaşyjylar milli hereketleri halkara ylalaşyklary bilen utgaşdyrmagyň ýollaryny, batgalyk-suwly ýerleri gorap saklamagyň usullaryny, hasabatlylygy güýçlendirmegi we tebigaty goramak işiniň hukuk goldawyny maslahatlaşdy. Sagdyn ekoulgamlaryň biodürlülik, howa durnuklylygy, azyk howpsuzlygy we ýerli ilatyň durmuşy üçin ähmiýeti aýratyn nygtaldy.


düýn 00:57
4.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......