Gartaşýan dünýäde ilatyň azalmagy nähili töwekgelçilikleri döredýär?

  • 11.02.2026 09:21
  • 7k+

Geçen aýda Hytaý 1949-njy ýyldan bäri iň pes dogluş derejesi barada habar beripdi. ABŞ-da bolsa ilatyň ösüşi, immigrasiýanyň azalmagy we dogluş derejesiniň dowamly peselmegi sebäpli, rekord derejede haýallady. Şuna meňzeş ýagdaýlar Hindistanda, Günorta Koreýada, Italiýada, Kolumbiýada we Meksikada hem hasaba alynýar. Çaklamalara görä, ýakyn 50–60 ýylyň dowamynda planetanyň ilatynyň sany azalyp başlar.
Synçylar bu özgerişiň dünýä ykdysadyýetine, innowasiýalara we syýasy durnuklylyga hem täsir edip biljekdigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, ilatyň azalmagynyň klimat krizisine we awtomatlaşdyrmanyň netijelerine oňyn täsir edip biljekdigi barada hem pikirler bar, emma ylmy barlaglar bu çaklamany şübhe astyna alýar.
Ostindäki Tehas uniwersitetiniň we Nýu-Ýorkdaky Hanter-kollejiniň alymlary demografik peselmäniň ählumumy maýlamaga tas hiç hili täsiriniň bolmajakdygy baradaky netijä geldiler. «Ilat — bu haýal öwrülýän äpet gämidir» diýip, synçy Din Spirs muny meňzetme arkaly düşündirýär. Hasaplamalara görä, hatda 2200-nji ýyla çenli ilat sany milliardlarça adamlyk azalaýanda-da, iň ýokary temperaturanyň peselmek ähtimallygy 0,1°C-den hem pes derejede bolar.
Şonuň ýaly-da robotlaryň işçi ýetmezçiliginiň ornuny tiz wagtda doldurjakdygy baradaky çaklama hem özüni aklap bilmeýär. Sebäbi bu hakdaky mesele hakda pikir soralanda: «Adamlaryň ornuny giň gerimde tutmak üçin bize gerek bolan robotlar bu golaýda döredilmez» diýýän Ýewropa Rekonstruksiýa we Ösüş Bankynyň baş ykdysatçysy Beata Ýaworçigiň öz aýdýan sözlerine ynamy örän uly. Ýene-de bir seljeriji, Massaçusets tehnologiýa institutynyň ykdysatçysy Dewid Otor bolsa, hatda önümçilik netijeliligi ýokary bolsa-da, işçi güýjüniň ýetmezçiliginiň ösüşi bökdäp biljekdigini nygtaýar.
Şunlukda synçylar bu meseläniň hemmetaraplaýyn gabat geljek ýeke-täk çözgüdi ýok, oňa uýgunlaşmak bolsa uzak möhletleýin we yzygiderli syýasaty talap eder diýen netijä gelýärler.


10.05.2026 20:34
5.8k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

09.05.2026 20:03
6k+

Aşa yssy we futbol sebäpli Meksikada okuw ýyly 40 gün ir tamamlanar

Meksikada aşa yssy howa we 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçirilmegi sebäpli okuw ýyly adatdakysyndan 40 gün ir tamamlanar. Bu barada ýurduň Döwlet bilimi ministrligi habar berdi....

09.05.2026 06:05
5.1k+

Tiz wagtdan dünýäniň ilaty, esasan, Afrikanyň hasabyna artar

Dünýäde dogluşyň derejesi babatda sebitleriň arasyndaky tapawut barha artýar. Muňa BMG-niň täze infografikasynda görkezilen "Dünýäde ýurtlaryň ilatynyň geljegine täzeden syn" atly maglumaty şaýatlyk edýär....

08.05.2026 15:01
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......