Aşgabatdaky söwda merkezlerde «Arkadag» — «Al-Nasr» oýnuna bagyşlanan fan-zonalar açyldy

  • 09.02.2026 18:56
  • 18k+

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäklerinde geçiriljek Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud-Arabystanynyň «Al-Nasr» klublarynyň arasyndaky taryhy duşuşygyň öňüsyrasynda, paýtagtyň «Arkaç» we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezlerinde ýörite fan-zonalar işläp başlady.
Bu ýerde futbol muşdaklary üçin dürli hyzmatlar we güýmenjeler garaşýar. Hususan-da, ýörite döredilen atributika burçlarynda janköýerler öz söýgüli toparyny goldamak üçin klublaryň reňklerindäki futbolkalary, şarflary we beýleki aksessuarlary satyn alyp biler. Şeýle-de, meşhur futbolçylaryň manekenleri bilen surata düşmäge ýa-da ýörite guralan meýdançalarda futbol oýnamaga şert döredildi. Bu ýerde öz ukybyňy görkezip, sowgat utmak mümkinçiligi-de bar.
Iň esasy täzelik, bilet alyp ýetişmedik janköýerler üçin bu fan-zonalarda oýun uly ekranlar arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Bu bolsa futbol janköýerlerine stadionyň atmosferasyny duýmaga we öz söýgüli toparlaryna köpçülikleýin goldaw bermäge ýardam eder.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......