MrBeast Z we Alfa nesilleri üçin niýetlenen bank goşundysyny satyn aldy

  • 11.02.2026 09:54
  • 2k+

Dünýäniň iň meşhur ýutubçysy Jimmi "MrBeast" Donaldsonyň eýeçiligindäki Beast Industries kompaniýasy ýetginjeklere we ýaşlara hyzmat edýän Step bank goşundysyny satyn alandygyny resmi taýdan yglan etdi.

Bu ylalaşyk Donaldsonyň şahsy maliýe serişdelerine we maýa goýumlaryna bagyşlanan täze YouTube kanalyny açmagynyň yzýanyndan baglaşyldy. Ýatladyp geçsek, 466 milliondan gowrak abunaçysy bolan MrBeast, öz wideolarynda adamlara uly möçberde pul sowgatlaryny paýlamagy bilen meşhurdyr.
MrBeast-iň biznes imperiýasy giňeýär. Onuň eýeçiliginde şeýle hem restoranlar tory we Feastables süýjülik brendi, ýakyn wagtda işe başlamagyna garaşylýan Beast Mobile operatory bar.
Step goşundysynyň satyn alynmagy bilen, ýutubçy maliýe hyzmatlary bazaryna ilkinji gezek gadam basdy.
Step — bu Monzo ýa-da Revolut ýaly mobil bank ulgamy bolup, ol ýörite ýetginjekler üçin uýgunlaşdyrylandyr. MrBeast-iň bu platformany saýlamagynyň esasy sebäbi — onuň auditoriýasynyň agraba böleginiň Z we Alfa nesillerinden ybarat bolmagydyr.
Gyzykly tarapy, Step goşundysynyň maýadarlarynyň arasynda Z nesliniň beýleki ýyldyzlary — Joş Riçards we Çarli D'Amelio ýaly meşhur tiktokerler hem bar.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......