Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler

  • 12.02.2026 14:08
  • 3.4k+

17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar.
Filmiň görkezilişi sagat 14:00-da başlanar.
«Kompozitor» filmi eýýäm halkara derejesinde ykrarnama eýe boldy. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Moskwa şäherinde, Nikita Mihalkowyň «Masterskaýa 12» teatrynda geçirilen «Brilliant kebelek» halkara kinobaýragynyň gowşurylyşynyň birinji dabarasynda, ildeşimiz Meýlis Hudaýberdiýew bu filmiň üstünde bitiren işi üçin «Iň gowy hudožnik» diýlip yglan edildi. Onuň alan baýragynyň bahasy 250 müň ABŞ dollaryna barabardyr.
Filmiň görkeziljek salgysy: Ankara şäheri, Zülfü Tigrel şaýoly, 3-nji jaý.


şu gün 08:26
1.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

düýn 10:10
4.1k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......