Batyr Çaryýew Stambulda türki dünýäsiniň iň gowy aktýory diýlip ykrar edildi

  • 12.02.2026 13:27
  • 10k+

Stambul şäherinde türki dünýäsiniň teatr sungatyny ösdürmäge goşan goşantlary üçin sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çäre Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Anadolu gazeti tarapyndan bilelikde guraldy. Dabarada gurama agza ýurtlaryň medeniýet wekillerine baýraklar gowşuryldy.
«Iň gowy aktýor» diýen abraýly baýraga Türkmenistanyň at gazanan artisti, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady Batyr Çaryýew mynasyp boldy. Oňa ýörite ýadygärlik nyşanyny TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Seýit Ýusuf gowşurdy.
Dabarada çykyş eden Batyr Çaryýew Türkmenistanda döredilýän giň mümkinçilikleriň türkmen sungatynyň ösmegine ýardam edýändigini belledi. Ol Watanyna bagyşlanan goşgyny okap, özüniň ýokary ussatlygy bilen dabaranyň gatnaşyjylarynyň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.


düýn 10:10
4.1k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

20.06.2026 16:49
3.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......