Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy

  • 12.02.2026 04:24
  • 2.2k+

Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň  dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi. Şeýle-de bolsa prodýuser önümçiligiň möhletleri, aktyorlar düzümi barada jikme-jik maglumat bermedi, edil şonuň ýaly, Bred Pittiň öz keşbine dolanyp-dolanmazlygy baradaky soragy-da jogapsyz galdyrdy.
Aslynda film baradaky myş-myşlar 2025-nji ýylyň güýzünden bäri dowam edip gelýär. Şonda režissýor Jozef Kosinski onuň dowamyny surata düşürmek isleýändigini we häzirki wagtda toparyň döredijilikli gözlegler bilen meşgullanýandygyny aýdypdy.
«F1» filmi iýul aýynyň başyndan bäri Apple TV platformasynyň iň girdejili taslamasyna öwrüldi. Ol Ridli Skottyň «Napoleon» (221 mln dollar) we Martin Skorsezeniň «Gül Aýynyň ganhorlary» (158 mln dollar) filmlerini yzda galdyrdy. Filmiň ABŞ-daky premýerasy 27-nji iýunda geçirilipdi, sanly formatda bolsa ol 22-nji awgustda peýda boldy.
«F1» filminiň sýujeti boýunça, «Formula-1»-iň öňki ýaryşçysy Sonni Heýs (Bred Pitt) ýaş wagty başdan geçiren agyr heläkçiliginden soň ýoly taşlaýar. Ýöne aradan ýyllar geçensoň, ol ýaş sürüji Joşua Pirse (Damson Idris) ýardam etmek üçin yzyna dolanýar.


düýn 23:54
388

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....