TimeOut dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasyny saýlady (Duýdurýas! Bu makala agzyňy suwardýar!)

  • 09.02.2026 19:57
  • 7.3k+

TimeOut neşiri dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasynyň reýtingini hödürledi. Sanaw žurnalyň dürli ýurtlardaky awtorlarynyň we redaktorlarynyň gatnaşmagynda taýýarlandy. Saýlamakda pizzanyň hili we kafeleriň nusgawy reseptlere bolan gatnaşygy göz öňünde tutuldy.
Makalanyň awtorlary pizzalaryň köpüsiniň birmeňzeş esasda taýýarlanýandygyny belleýär. Şol bir wagtyň özünde, käbir pizzeriýalar däp bolan reseptlere başgaça çemeleşip, hemmelere tanyş bolan bu tagamyň özboluşly görnüşlerini hödürlemegi başarypdyr.
Reýtingiň öňdebaryjylary şeýle görnüşde paýlandy:

Birinji orny Nýu-Ýorkdaky Mama’s Too pizzeriýasy eýeledi. Makalada doýgun peýnir tagamy bilen tapawutlanýan «Kaço e pepe» pizzasy maslahat berilýär.

Ikinji orna Rimdäki 180Grammi Pizzeria Romana mynasyp boldy. Hamyry ýuka bolan we artişok, wetçina, zeýtun we kömelek goşulan «Kapriçoza» iň şowly görnüş hökmünde görkezildi.

Üçünji orny Londonyň «Short Road» pizzeriýasy eýeledi. Makalada Londonyň pizza medeniýetiniň ösýändigi we bu ýerde pizzanyň kitirdewük görnüşde, rim stilinde hödürlenýändigi bellenilýär.

Dördünji orna tekstde pizzanyň watany diýlip atlandyrylan Neapoldaky Pizzeria da Attilio mynasyp boldy. Awtorlar bu ýerdäki «Margaritany» aýratyn belledi, onuň hili 1938-nji ýyldan bäri üýtgewsiz saklanyp gelýär.

Bäşinji orny Tokiodaky Pizza Marumo jemledi. Makalada ýapon we italýan aşhanalarynyň elementlerini utgaşdyrýan «Umami» pizzasyna üns bermek maslahat berilýär.
Şeýle-de, TimeOut sanawyna Ýohannesburg, Edinburg, Buenos-Aýres, Madrid, Sidneý, Keýptaun, Çikago, Kopengagen, Pariž, Rio-de-Žaneýro, Lissabon, Gonkong we Oahaka şäherleriniň pizzeriýalary girdi.


11.06.2026 14:24
5.2k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

07.06.2026 10:00
3.8k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......