Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

  • 21.05.2026 11:49
  • 4.9k+

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel diňinden we Monparnas binasyndan soň üçünji belent bina boldy.

Täze taslama Parižde binalaryň beýikligine çäklendirme girizilen döwründe tamamlanyp barýar. 2023-nji ýylda şäheriň häkimi Ann Idalgo täze gökdiränleriň gurluşygyny gaýtadan gadagan edipdi.

Herzog & de Meuron kompaniýasynyň wekilleri gurluşygyň esasy tapgyrynyň tamamlanandygy hakda sosial ulagmlarynda «Bina özüniň ýetmeli beýikligine ýetdi we onuň keşbi indi Parižiň umumy görnüşinde öz ornuny aldy. Bu taryhy ýadygärlikleriň we şäher köçeleriniň arasynda täze bir ajaýyplykdyr» diýen görnüşde habar beridler.

Diň trapesiýa şekilli gurluşa eýedir. Parižiň merkezinden seredeniňde ol inçejik dik bina bolup görünýär, emma gündogardan ýa-da günbatardan seredeniňde özüniň üçburçluk şekilini açyp görkezýär. Binagärleriň pikiriçe, şeýle geometriýa otaglardan daşaryny görmegi has-da gowulandyrýar we goňşy binalaryň üstüne düşýän kölegäniň meýdanyny azaldýar.

Binanyň içinde myhmanhana, ofisler, dükanlar, restoranlar we maslahat merkezi ýerleşer. Günorta tarapynyň fasady bolsa Gün energiýasyny öndürmek üçin ýörite fotoelektrik paneller bilen örtüler.

Taslamanyň üstündäki işler baryp, 2006-njy ýylda başlanypdy, ýöne uzak dowam eden kazyýet işleri we jemgyýetçilik jedelleri sebäpli gurluşyga 2022-nji ýylda girişilip bilindi.

Mundan öň Parižde 1977-nji ýyldan 2010-njy ýyla çenli binalaryň beýikligine 37 metrlik çäklendirme hereket edipdi. Şäheriň öňki häkimi Bertran Delanoe bu çäklendirmäni aýryp, ofis binalaryny 180 metre we ýaşaýyş jaýlaryny 50 metre çenli belentlikde gurmaga rugsat beripdi.

2014-nji ýylda Parižiň şäher geňeşi bu taslamany ret etdi. Ýöne häkim Idalgo seslenişigiň netijelerini bikanun diýip yglan etmegi başardy. Bu bolsa häkimiýetleri «tarapgöýlük etmekdäki» aýyplamalara we köp ýyllyk kazyýet çekişmelerine alyp geldi.

Şunlukda Fransiýanyň Milli maliýe prokuraturasy açyk bäsleşik geçirilmezden ýer kärendesi şertnamasynyň baglanyşylmagynyň kanunlylygyny barlap başlady. Taslama ekologlar hem garşy çykdylar. Hatda ýaşyl aktiwistler, gurluşygynyň ägirt uly uglerod yzyny galdyrýandygy we geljekde aýnaly fasadlary sowatmak üçin juda uly energiýa talap etjekdigi üçin diňi «energetika heläkçiligi» diýibem atlandyrdylar.

Munuň üstesine, bu taslama parižlileriň arasynda-da gaty uly närazylyk döredýär. Sypaýçylyk bilen aýdylanda, diň olara şäheriň merkezindäki ýeke-täk gökdirän bolan we ýerli ýaşaýjylaryň asla halamaýan Monparnas diňini (1973-nji ýylda gurlan) ýatladýar.


09.06.2026 23:10
2.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....