Universal täze «Mumiýada» Brendan Freýzeri we Reýçel Waýsy gaýtaryp getirýär: film 2028-nji ýylda çykar

  • 11.02.2026 15:33
  • 3.1k+

Universal Pictures studiýasy Brendan Freýzeriň we Reýçel Waýsyň gatnaşmagynda «Mumiýa» franşizasynyň dördünji bölüminiň surata düşüriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär.
Habara görä, aktýorlar täze filmde surata düşmek baradaky şertnamalara eýýäm gol çekdiler. Onuň yzysüre Universal-yň sosial torlardaky resmi sahypalarynda Freýzeriň we Waýsyň 1999-njy ýyldaky birinji «Mumiýa» filminiň surata düşüriş meýdançasyndan alnan suratlar we: «Kakam jan bilen ejem jan dolanýar» («Mummy and Daddy are so back») diýen ýazgy peýda boldy.

Brendan Freýzer seriýanyň ilkinji üç filminde, Reýçel Waýs bolsa ilkinji iki filminde esasy keşpleri janlandyrypdy. Täze filmiň režissýorlygy ozal «Çirkin ses» («Крик») we «Men gözlemäge gidýärin» («Я иду искать») ýaly filmleriň üstünde işlän Mett Bettinelli-Olpine we Taýler Jillette ynanyldy. Täze «Mumiýa» 2028-nji ýylyň 19-njy maýynda uly ekranlara çykar.
1990-njy ýyllaryň ahyrynda iň meşhur aktýorlaryň biri bolan Brendan Freýzer, 2003-nji ýyldaky şahsy durmuşynda bolan kynçylyklar sebäpli kino dünýäsinden ep-esli wagt çetleşipdi. Emma on ýyl töweregi wagtdan soň, ol öz karýerasyna gaýtadan girişdi we 2023-nji ýylda Darren Aronofskiniň «Kit» («Кит») filmindäki keşbi üçin «Oskar» baýragyna mynasyp boldy.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....