Äpet nemes dogy Minni Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 11.02.2026 00:20
  • 8.2k+

Nemes dogy tohumyndan bolan  Minni lakamly it dünýäniň iň uly iti hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adatça erkek  itler daýaw bolýar diýlip hasap edilse-de, boýy gerişden ölçelende 97,5 santimetre ýetýän Minnini-de olardan kemlär ýaly däl.  
Minnä eýelik edýän maşgala it doly inini-boýuny alýança garaşmagy ýüreklerine düwdiler. Geçen ýyl, it üç ýarym ýaşyny dolduranda bolsa Ginnesiň rekordlar kitabyna arza tabşyrdylar. Şeýlelikde Minni 2014- nji ýylda  96,4 santimetr boýy bilen rekord gazanmagy başaran Floridadaky Lizzi atly dogdan öňe geçmegi başardy.
Çempion it pyýada we awtomobilde gezelenç etdirseler gowy görýär. Şeýle-de ol frisbi oýnaýar we öz gowy görýän sary topuny hemişe agzy bilen ondan-oňa daşap ýörýär.
Minni Amerikanyň Konnektikut ştatyndaky Nort-Stonington şäheriniň ýaşaýjylary Ken we Liza Nogaçekleriň maşgalasynda saklanylýar. Olar iti iki aýlyk güjügi wagty alypdyrlar. Eýeleri Minniniň bir ýaşyna çenli dowamly ösendigini  aýdýarlar. Nemes dogy  iki ýarym ýaşyna ýetende bolsa has-da ulalyp, aşhanadaky stollaryň üstüne arkaýyn seredýän we ýatanda bir özi tas tutuş diwany eýeläp bilýän ekeni.

 


11.06.2026 12:12
7.5k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

11.06.2026 10:59
6.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

10.06.2026 11:13
8.8k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......