YouTube Music mugt ulanyjylar üçin aýdymyň sözlerine çäklendirme girizýär

  • 10.02.2026 10:09
  • 867

YouTube Music striming platformasy tölegli abunasy bolmadyk ulanyjylar üçin täze we düýpli çäklendirmeleri girizip başlady. Indi mugt hasaplaryň eýeleri bir aýyň dowamynda diňe bäş sany aýdymyň doly tekstini görüp bilerler. Bu çäkden geçensoň, aýdymyň tekstiniň diňe başky setirleri görkezilip, galan bölegi bolsa "petiklenýär".

Çäklendirme hem mobil goşundy (app), hem-de hyzmatyň web wersiýasy üçin birmeňzeş hereket edýär.
Ulanyjy bir aýda altynjy aýdymyň tekstini açmaga synanyşanda, ekranda YouTube Premium-a ýazylmak baradaky bildiriş peýda bolýar.
Bu funksiýanyň synaglary 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda başlapdy, indi bolsa ähli ulanyjylar üçin doly güýjüne girdi.
Bu ädim Google-yň aýdym kontentinden has köp girdeji gazanmak we mugt ulanyjylary tölegli abunaçylara öwürmek strategiýasynyň bir bölegidir. Belläp geçsek, Spotify hem mundan ozal özüniň mugt tarifinde aýdym sözlerine girişi çäklendiripdi.
YouTube Premium abunasy bilen berilýän artykmaçlyklar:

  • Aýdym sözlerine çäksiz giriş;
  • Mahabatsyz diňlemek;
  • Aýdymlary fon režiminde aýtdyrmak;
  • Trekler barada giňişleýin maglumatlar.

Analitikleriň pikiriçe, striming platformalarynyň arasyndaky bäsdeşlik güýçlendigiçe, interaktiw funksiýalara şuňa meňzeş "petikleriň" goýulmagy dowam eder.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......