Multfilmiň täze treýlerinde minýonlar kino düşýärler we nägehanlary gözleýärler

  • 10.02.2026 00:22
  • 2.4k+

Illumination Entertainment studiýasy tarapyndan döredilen "Ýigrenji men" (Гадкий я) animasiýa franşizasynyň dowamy bolan "Minýonlar we Nägehanlar" (Миньоны и Монстры) multfilminiň ilkinji treýleri ýaýradyldy. Täze taslama "spin-off" görnüşinde bolup, esasy ünsi minýonlaryň nobatdaky başdan geçirmelerine gönükdirer.

Wakalaryň merkezinde hereket edýän sary gahrymanlar bu gezek kino düşýärler. Surata düşüriş işlerinden soň, olar režissýora täze bir ideýa — nägehanlar barada film düşürmegi teklip edýärler. Filmiň gahrymanlaryny tapmak üçin bolsa minýonlar dünýäniň dürli künjeklerine syýahata ugraýarlar. Olara ýol boýy iň üýtgeşik jandarlaryň ýanyna alyp barýan ýörite ýolbelet kömek edýär.
Nägehanlaryň gözleginde minýonlar dürli-dürli gahrymanlar — mumiýalardan başlap, äpet we gaharly towşanlara çenli duş gelýärler. Olaryň bu täze ideýany amala aşyrmak ugrundaky synanyşyklary we syýahaty tutuş dünýäni öz içine alýan uly topalaňa öwrülýär.
Multfilm dünýä prokatyna şu ýylyň 1-nji iýulynda çykar.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....