Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar. Galaxy S26, Galaxy S26 Plus we Galaxy S26 Ultra modellerine garaşylýar.
Öňünden sargyt edýän gatnaşyjylar üçin bonuslar göz öňünde tutulypdyr. Hindistanda smartfony 999 rupiýa (takmynan 11 dollar) töläp sargyt eden ulanyjylar, Samsung-yň resmi onlaýn dükanyndan esbaplary satyn almak üçin 2699 rupiýalyk (30 dollar) wauçer alarlar. Köne smartfonlaryň eýeleri bolsa trade-in maksatnamasy boýunça öz enjamlarynyň yzyna satyn alyş bahasyny anyklap bilerler. Öňünden töleg etmäge taýyn bolmadyklar üçin täze önümlere bolan gyzyklanmasyny hasaba aldyrmak we 5000 rupiýalyk (55 dollar) wauçer bije çekilişine gatnaşmak mümkinçiligi bar.
Germaniýanyň WinFuture resursynyň syzdyran maglumatlaryna görä, Galaxy S26 modeli 2340×1080 piksel durulygyndaky 6,3 dýuýmlyk ekrana, 4300 mAs batareýa hem-de 12 GB operatiw ýada we 256 GB hemişelik ýada eýe bolar.
Galaxy S26 Plus modeli 3120×1440 piksel durulygyndaky 6,7 dýuýmlyk ekran, 4900 mAs batareýa we şol bir mukdardaky ýat bilen enjamlaşdyrylar. Iki model hem 3,9 GGs-lyk bir sany super-ýadro, üç sany 3,25 GGs-lyk ýadro we alty sany 2,75 GGs-lyk tygşytly ýadronyň kombinasiýasyndan ybarat bolan Exynos 2600 prosessorynda işlär.
Her iki modeliň hem esasy kamerasy üç modully bolar: F/1,8 aperturaly giň burçly obýektiwli 50 MP esasy modul, 10 MP we 3 esse optiki zumly tele-obýektiw, 12 MP ultra-giň burçly obýektiw. Öň kamerasy bolsa F/2,2 obýektiwli 12 MP bolar.
Ýewropadaky bahalar: Galaxy S26 — 1000 ýewrodan, Galaxy S26 Plus — 1270 ýewrodan başlaýar.
Galaxy S26 Ultra azyndan 1470 ýewro durar. Ol Snapdragon 8 Elite Gen 5 for Galaxy prosessoryna, 3120×1440 durulygyndaky we 120 Gs ýygylygyndaky 6,9 dýuýmlyk ekrana, 5000 mAs batareýa we 60 Wt zarýad beriş ulgamyna eýe bolar. Ýady — 12 ýa-da 16 GB operatiw ýat, hemişelik ýady bolsa 256 GB-dan 1 TB-a çenli bolar. Esasy kamerasy dört modully bolar: 200 MP, 5x zoomly 50 MP, 3x zoomly 10 MP we ultra-giň burçly suratlar üçin 50 MP. Smartfonyň ölçegleri — 163,6×78,1×7,9 mm, agramy — 214 g. Reňkleri: gara, ak, gök, melewşe.