«Karib deňziniň garakçylary» Margo Robbi we täze gahrymanlar bilen dolanýar

  • 11.02.2026 10:34
  • 4.4k+

Disney dünýä belli «Karib deňziniň garakçylary» filminiň dowamyny surata düşürmäge taýýarlanýar we ony ýakyn wagtda amala aşyrmaly esasy täze taslamalaryň hatarynda görýär. Bu barada studiýanyň öz çeşmelerine salgylanyp, tanymal insaýder Jeff Snaýder habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, altynjy filmiň ssenariýasyny ýazdyrmak üçin «1917» harby dramasy bilen «Oskar» baýragyna dalaşgärlik eden Kristi Wilson-Kernis bilen gepleşikler alnyp barylýar.
Täze filmiň sýužeti meşhur kapitan Jek Serçäniň ogluna we täze zenan gahrymanyna gönükdiriler. Baş gahryman zenanyň keşbini janlandyrmak üçin aktrisa Margo Robbi göz öňünde tutulýar. Aslynda öň bu aktrisanyň gatnaşmagynda aýratyn bir film surata düşüriler diýlip garaşylýardy, indi bolsa Disney ony esasy sýužetiň içine goşmagy meýilleşdirýär. Margo Robbiniň gahrymany häsiýeti boýunça Jek Serçä we Emma Stounyň janlandyran Kruella de Wil atly gahrymana çalymdaşrak biri bolar.
Köp sanly muşdaklary gyzyklandyrýan «Jonni Depp Jek Serçäniň keşbinde oýnarmyka?» diýen soragyň häzir hem anyk jogaby ýok. Biz oňa derek,  Deppiň edil  baş keşpde oýnamasa-da, filmiň epizodlarynda peýda bolup biljekdigi baradaky habarlar bilen tanşandygymyzy aýdyp bilýäris.
Häzirki wagtda «Karib deňziniň garakçylary 6» filmi barada resmi bildiriş berilenok.  Ýöne şu maglumatlardan çen tutsaň hem, studiýanyň bu taslamany durmuşa geçirmäge çynlakaý girişendigini bilip bolýar.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....