Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

  • 10.02.2026 10:47
  • 2.5k+

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady diýip, TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we myhmanlara Gutlag hatyny ýollady.
Döwlet Baştutanynyň ýüzlenmesinde Türkiýäniň ýurduň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigi bellenilýär. Iki döwletiň kompaniýalary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar.
Prezident Türkmenistanda maýa goýum we daşary söwda hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi.
«Şu gün öz işine başlaýan sergide hem türk kompaniýalarynyň oba hojalyk, azyk senagaty, gurluşyk, senagat enjamlarynyň önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, lukmançylyk, bilim we ylym ýaly ugurlarda gazanan sepgitleri, öňdebaryjy tejribeleri, innowasion başlangyçlary hem-de işläp taýýarlamalary giňden görkeziler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanda iş alyp barýan hyzmatdaşlarymyz bilen bir hatarda, öz önümleri bilen ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Munuň özi iki dostlukly döwletiň işewürleriniň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär» — diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Prezident häzirki serginiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde we Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 10-12-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......