Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby gulluga gitdi

  • 09.02.2026 15:19
  • 7k+

Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby taýýarlykdan geçip başlady we ýurduň ýaragly güýçleriniň ätiýaçlykdaky düzümine ýazyldy. Asly Argentinaly bolan şa zenany harby okuwlary tamamlanyndan soň, ätiýaçlykdaky harby gullukçylaryň wezipelerini ýerine ýetirip biler.
Niderlandlarda ätiýaçlykdaky düzüm dürli ugurlar boýunça işe çekilýär. Köp halatlarda olar wekilçilikleri wezipeleri ýerine ýetirip, tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmaga kömek edýär, kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge, şeýle hem harby hereketler bolan ýagdaýynda yzygiderli goşunlara goldaw bermäge gatnaşýar.
Şa maşgalasy monarhyň aýalynyň howpsuzlyga öz-özünden bolýan zat hökmünde garamaýandygyny we ýurduň gorag ukybyny berkitmäge şahsy goşandyny goşmagy möhüm hasaplaýandygyny belleýär.
Goranmak ministrligi Maksimanyň harby gullugy tamamlanyndan soň, podpolkownik adyny aljakdygyny habar berdi. Geljekde ol zerur bolan halatynda ätiýaçlykdaky gullukçylaryň wezipelerini ýerine ýetirmäge umumy esaslarda, ýöne wagtlaýyn görnüşde çekilip bilner.
Şol bir wagtyň özünde, ministrlik bu ädimiň köp babatda simwolik häsiýete eýedigini nygtaýar. Bu çäre hökümetiň ýaragly güýçleriň sanyny bir ýarym esse — 120 müň adama çenli köpeltmek baradaky meýilnamalarynyň esasynda raýatlaryň harby gulluga bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Geçen ýyl şa zenany Maksimanyň gyzy — tagtyň mirasdüşer şa gyzy Katarina-Amaliýa hem şular ýaly harby taýýarlykdan geçipdi.


20.04.2026 18:05
2.5k+

«Kýokenhof» seýilgähi bir wagtyň özünde 7 million güli synlamaga mümkinçilik döredýär

Niderlandlaryň Lisse şäherinde ýerleşýän «Kýokenhof» seýilgähi syýahatçylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu ýyl seýilgähde 800-den gowrak görnüşli, jemi 7 million töweregi gül köpçülige hödürlenýär....

30.03.2026 15:21
3.3k+

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýanyň ähtimal jaýlanan ýeri tapyldy

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýana degişli bolup biljek galyndylar tapyldy. Bu barada NOS teleýaýlymy habar berýär....

13.03.2026 16:15
1.6k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.8k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...