Niderlandlarda muşketçi d’Artanýanyň ähtimal jaýlanan ýeri tapyldy

  • 30.03.2026 15:21
  • 3.3k+

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýana degişli bolup biljek galyndylar tapyldy. Bu barada NOS teleýaýlymy habar berýär.

Skelet fewral aýynda ýurduň günortasyndaky Limburg sebitiniň Maastriht şäheriniň ybadathanasynda düşemäniň abatlaýyş işleri wagtynda tapyldy. Ol ozal altar bolan ýeriň aşagyndan çykdy — adatça, ol ýerde asylzadalar jaýlanypdyr.

Galyndylaryň ýanyndan muşket okunyň bölekleri we fransuz teňňesi tapyldy. Alymlar DNK nusgalaryny barlaga iberdi.

«Häzirlikçe munuň d’Artanýan bolmagyna garşy gelýän hiç hili delil ýok» – diýip, arheolog Wim Deýkman belledi.

Taryhy maglumatlara görä, graf d’Artanýan ady bilen meşhur bolan Şarl de Bas de Kastelmor 1673-nji ýylda Maastrihtiň gabawy wagtynda wepat bolupdyr. Onuň ölümine döşünden ýa-da bokurdagyndan salnan ýaranyň sebäp bolandygy çaklanylýar. Onuň jaýlanan anyk ýeri uzak wagtlap nämälim galypdy.

D’Artanýan Fransiýanyň milli gahrymany hasaplanýar. Ol 1844-nji ýylda Aleksandr Dýumanyň «Üç muşketçi» romany çap edilenden soň dünýä derejesinde uly meşhurlyk gazandy.


05.05.2026 15:18
3.4k+

Amsterdamda etiň we gazylyp alynýan ýangyjyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi

Amsterdam etiň mahabatyny, şeýle hem gazylyp alynýan ýangyjy ulanmak bilen amal edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň mahabatyny gadagan eden dünýäde ilkinji paýtagt şäher boldy diýip, Bi-bi-si ýazýar....

20.04.2026 18:05
2.6k+

«Kýokenhof» seýilgähi bir wagtyň özünde 7 million güli synlamaga mümkinçilik döredýär

Niderlandlaryň Lisse şäherinde ýerleşýän «Kýokenhof» seýilgähi syýahatçylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu ýyl seýilgähde 800-den gowrak görnüşli, jemi 7 million töweregi gül köpçülige hödürlenýär....

13.03.2026 16:15
1.6k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.8k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...