Amsterdamda etiň we gazylyp alynýan ýangyjyň mahabatyna gadaganlyk güýje girdi

  • 05.05.2026 15:18
  • 3.4k+

Amsterdam etiň mahabatyny, şeýle hem gazylyp alynýan ýangyjy ulanmak bilen amal edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň mahabatyny gadagan eden dünýäde ilkinji paýtagt şäher boldy diýip, Bi-bi-si ýazýar.

1-nji maýdan başlap, şäheriň jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda mahabat tagtalarynda, jemgyýetçilik ulaglarynda we ýol çatryklarynda şeýle mahabatlar gadagan edildi. Bu çäre şahsy dükanlara, çap we sanly habar beriş serişdelerine degişli däldir.

Degişli gadaganlyk ýanwar aýynda şäher geňeşi tarapyndan 17 sese garşy 27 ses bilen kabul edildi. Indi jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalarynda, metrolarda we wokzallarda çalt fastfudyň, benzinli awtoulaglaryň, uçarlaryň şekil-suratlarynyň deregine muzeýler, konsertler, sergiler we şuňa meňzeş zatlar mahabatlandyrylar. Häzirki wagtda şäherdäki ähli mahabatlaryň arasynda uglewodorod serişdeleri bilen baglanyşykly hyzmatlaryň we önümleriň paýy 4%-e, etiň we et önümleriniň paýy bolsa 0,1%-e barabar.

Belläp geçsek, mundan birnäçe ýyl ozal Londonda geçirilen barlaglar 2019-njy ýylda jemgyýetçilik ulaglarynda jank-fuduň mahabatynyň gadagan edilmeginiň şäherde şeýle önümleriň sarp edilişiniň hepdede 10%-20% azalmagyna sebäp bolandygyny görkezdi.


20.04.2026 18:05
2.6k+

«Kýokenhof» seýilgähi bir wagtyň özünde 7 million güli synlamaga mümkinçilik döredýär

Niderlandlaryň Lisse şäherinde ýerleşýän «Kýokenhof» seýilgähi syýahatçylar üçin gapysyny giňden açdy. Bu ýyl seýilgähde 800-den gowrak görnüşli, jemi 7 million töweregi gül köpçülige hödürlenýär....

30.03.2026 15:21
3.3k+

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýanyň ähtimal jaýlanan ýeri tapyldy

Niderlandlarda muşketçi d’Artanýana degişli bolup biljek galyndylar tapyldy. Bu barada NOS teleýaýlymy habar berýär....

13.03.2026 16:15
1.6k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.8k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...