Kodak 133 ýyl işläninden soň bergileri sebäpli ýapylyp bilner
133 ýyllyk taryhy bolan dünýäniň iň gadymy foto-kompaniýalarynyň biri – Eastman Kodak amerikan kompaniýasy bergiler sebäpli işini dowam etdirmeginiň näbellidigini aýtdy diýip, CNN habar berýär. Girdejiler we ýitgiler baradaky täze hasabatda kompaniýa 500 mln dollar möçberde bergini üzmek üçin kepilli pulunyň ýa-da tiz satyp boljak aktiwleriniň ýokdugyny görkezdi...