Prada kompaniýasy 1,4 mlrd dollara Versace-y satyn almak boýunça şertnamany ýapdy

  • 04.12.2025 13:33
  • 2.2k+

Prada S.p.A ozal ylalaşylan 1,4 mlrd dollara Gianni Versace S.r.l-i satyn almak boýunça şertnamany resmi taýdan ýapdy. Mundan öň, 2019-njy ýyldan bäri brend Michael Kors Limited bilen ylalaşykdan soň ony satyn alan Capri Holdings Limited kompaniýasynyň düzümindedi.

Capri Versace-yň satuwyndan alnan serişdeleriň kompaniýanyň bergileriniň esasy bölegini üzmek üçin ulanyljakdygyny habar berdi. Baş direktor Jon D.Aýdl Versace toparyna bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we brende goşan goşantlary hem ygrarlylygy üçin Donatella Wersaçeni, Dario Witaleni we Emmanuel Ginsburgeri aýratyn nygtap geçdi. Şeýle-de, ol Prada-nyň dolandyrmagynda Versace-yň geljekki üstünliklerine ynam bildirdi.
Şertnama soňky ýyllarda ýokary moda pudagynda iň uly wakalaryň biri boldy we kaşaň brendleriň dünýä bazarynda Prada-nyň ornuny ep-esli güýçlendirýär. Versace üçin täze hojaýyna geçmek ösüş, kolleksiýalary giňeltmek we strategiýany täzelemek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Habardan soň bazarda Capri Holdings-iň paýnamalarynyň bahasy peselip, söwdanyň ahyrynda 25,20 dollar boldy. Prada-nyň paýnamalarynyň ýagdaýy biraz soň, Versace goşulandan we birleşigiň ilkinji maliýe netijeleri peýda bolandan soň belli bolar. Kompaniýa brendiň goşulmagynyň Prada-nyň lýuks moda pudagynda ornuny berkitjekdigine ynanýar, Versace bolsa geljekki ösüş üçin täze eýesiniň halkara ulgamyndan we infrastrukturasyndan peýdalanyp biler. 

27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......