Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72 müň dollara çenli ýetýär.
Kolleksiýa oýun ýagdaýlarynyň dürli görnüşleri üçin niýetlenen modelleri öz içine alýar. Taýaklaryň bir böleginiň dizaýny «Bugatti Tourbillon» giperkaryndan ylham alnandyr: urýan böleginiň formalary onuň yzky böleginiň elementlerini gaýtalaýar, käbir çözgütler bolsa ulagyň enjamlar panelinden alnandyr.
Iň gymmat modeller ýokary takyklykda ýonmak arkaly titan-uglerod kompozitinden ýasalar. Tutawaçlary bolsa eksklýuziw materiallar bilen bezelip ýasalar.
Satuwlar iýun aýynyň ahyrynda başlanar. Iň tehnologik toplumyň sany 20 nusga bilen çäklendiriler.