LG Electronics ýolbaşçy düzüminiň üýtgeşmelerini yglan etdi

  • 27.11.2025 23:29
  • 2.7k+

Günorta Koreýanyň LG Electronics kompaniýasy ýolbaşçy düzüminde uly üýtgeşmeleriň bolandygyny, şol sanda täze baş direktoryň bellenendigini mälim etdi. 1-nji dekabrdan başlap, bu wezipäni häzirki wagtda LG-niň Öý Tehnikasy we Çözgütleri bölümine ýolbaşçylyk edýän hem-de kompaniýanyň maglumatyna görä, amallaryň durnukly ösüşine ýeten Rýu Çže-çhol eýelär.

Täze baş direktor bu wezipede dört ýyllap oturan Çho Çžu-wanyň ornuny çalşar. Ol LG Electronics kompaniýasyna 1989-njy ýylda, heniz Goldstar diýlip atlandyrylýan döwründe işe girdi we ilkinji ýyllarynda ylmy-barlag bölüminde işledi.
Günorta Koreýanyň ägirdiniň esasy girdeji çeşmesi bolan Öý Tehnikasy bölümine Rýu Çže-çhol 2021-nji ýylda ýolbaşçylyk etmäge başlady.
Kadr üýtgeşmeleriniň çäginde jemi 34 adam, şol sanda iki prezident, iki wise-prezident we dokuz uly wise-prezident wezipesinde ýokarlandyryldy ýa-da başga wezipelere geçirildi. Ýolbaşçylygyň pikirine görä, bu üýtgeşmeler sarp edijileriň isleginiň üýtgeýän we bäsdeşligiň artýan şertlerinde kompaniýanyň durnukly ösüşini üpjün etmelidir.


02.06.2026 12:08
1.9k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

06.05.2026 19:44
4.6k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......

01.02.2026 16:20
3.5k+

LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?

LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär. LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy...