Rivian-yň ýolbaşçysy kompaniýa maksatlaryna ýeten ýagdaýynda $4,6 mlrd alar

  • 10.11.2025 18:24
  • 2.7k+

Elektromobil öndürýän Rivian amerikan kompaniýasy öz baş direktory Robert Skarinži sylaglamagyň täze ulgamyny tassyklady. Maksatnama on ýyla niýetlenýär we ähli şertler ýerine ýetirilen ýagdaýynda oňa, takmynan, 4,6 mlrd dollar getirip biler.

Töleg möçberi girdejiniň ösüşine, pul akymyna we kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň häzirki 15,22 dollardan 140 dollara çenli ýokarlanmagyna bagly bolar.
Reuters-iň habar berşi ýaly, şeýle etmek bilen Rivian-yň müdirler geňeşi kompaniýanyň esaslandyryjysyny saklamak we onuň tagallalaryny girdejililigi ýokarlandyrmaga gönükdirmek isleýär. Şol bir wagtyň özünde, Skarinžiň zähmet haky iki esse – 2 mln dollara çenli artdyryldy. Täze meýilnama ozal mümkin däl diýlip hasaplanan öňki meýilnamany çalyşdy.
Rivian özüniň R1S we R1T elektromobilleri bilen bellidir. Kompaniýa 2026-njy ýylda Tesla Model Y-nyň bäsdeşi boljak has elýeterli R2 krossowerini çykarmaga taýýarlanýar. Ýakynda awtoöndüriji çykdajylary azaltmak we elektrotransport bazarynda kompaniýanyň ornuny berkitmek maksady bilen işgärleriň, takmynan, 4,5%-ini işden çykardy.
Mundan öň Tesla-nyň paýdarlary Ilon Mask üçin 1 trln dollar möçberde töleg bukjasyny tassyklapdy. Ol on ýylyň içinde robotaksi ugruny ösdürmek we Tesla-nyň bazar bahasyny 1 trln dollardan azyndan 8,5 trln dollara ýetirmek boýunça maksatlary durmuşa geçiren ýagdaýynda bu mukdary alyp biler.

27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.7k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......