“Beýiklik pul bilen ölçenmeýär”: Baffet paýdarlara hoşlaşyk hatyny ýazdy

  • 11.11.2025 14:30
  • 8.3k+

Belli maýadar Uorren Baffet Berkshire Hathaway kompaniýasynyň paýdarlaryna hoşlaşyk hatyny neşir etdi. Hatynda ol kompaniýanyň 1800 paýnamasyny konwertirlejekdigini we olary öz çagalarynyň haýyr-sahawat gaznalaryna berjekdigini aýtdy. Bloomberg-iň hasaplamalaryna görä, haýyr-sahawat serişdeleriniň mukdary 1,3 mlrd dollardan geçer.

Şeýle-de, Baffet indi paýdarlar üçin ýyllyk hasabatlaryny ýazmajakdygyny we kompaniýanyň ýygnaklarynda çykyş etmejekdigini aýtdy. Ol özüniň yzyny ýöretjek adamyň Greg Abel boljakdygyny tassyklady. Abel şu ýylyň ahyryna çenli Berkshire Hathaway-iň başyna geçer diýlip garaşylýar.
Baffet öz hatynda köne ýoldaşlaryna hem aýratyn orun berdi. Ol 2023-nji ýylda 100 ýaşynda aradan çykan kompaniýanyň wise-başlygy Çarli Mangeri mähir bilen ýatlap geçdi.
Şeýle-de, Baffet adam gymmatlyklary barada şahsy pikirleri bilen paýlaşdy: “Beýiklik pul ýa-da hökmürowanlyk bilen ölçenmeýär. Haçan-da siz beýlekilere kömek edeniňizde, siz dünýä kömek edýärsiňiz. Tam süpüriji hem müdirler geňeşiniň başlygy ýaly ynsandyr”.
Hatynda 95 ýaşly maýadar öz ýagdaýlary barada-da aýtdy: “Geň galaýmaly, ýöne men özümi gowy duýýaryn. Haýal hereket edýän we kynlyk bilen okaýan bolsam-da, häzirem hepdede bäş güni ofisde geçirýärin we ajaýyp adamlar bilen işleýärin. Men giç garradym – ýöne başlan bolsa, bu çynlakaý” – diýip, ol ýazdy.
Baffet şu ýylyň ahyryna çenli Berkshire kompaniýasynyň baş direktory wezipesinden gider. Işewür holdinge 60 ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk etdi. Ol gazna bazarynyň diri legendasy we dünýäde maýa goýum boýunça esasy guru hasaplanýar.
Berkshire Hathaway birwagtlar ýönekeý bir dokma öndürijisidi. Häzirki günde ol Fortune 500 sanawynda altynjy, dünýäniň jemgyýetçilik kompaniýalarynyň arasynda bazar bahasy boýunça 11-nji, maliýe holdingleriniň sanawynda girdejisi boýunça birinji orny eýeleýär. Ol dürli pudaklardan kompaniýalara, şeýle-de Kraft Heinz, American Express, Coca-Cola, Wells Fargo, IBM, Apple we Bank of America kompaniýalarynda paýlara eýeçilik edýär. 


02.11.2025 20:05
2.6k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...

21.08.2025 16:33
2.2k+

SoftBank $2 mlrd möçberde maýa goýum bilen Intel-i çökgünlikden “halas edýär”

Ýaponiýanyň SoftBank maliýe konglomeraty Intel amerikan mikroprosessor öndürijisine 2 mlrd dollar maýa goýýar. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. SoftBank kompaniýanyň altynjy uly paýdary boldy...

13.08.2025 15:57
6.5k+

Samsung ABŞ-daky çip zawodlaryna maýa goýumlaryny 35%, ýagny 50 milliard dollara çenli artdyrar

Samsung ABŞ-da çip öndürmeklige ozal meýilleşdirilen 37 milliard dollara derek, takmynan, 50 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Günorta Koreýanyň SEDaily neşiri habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, kompaniýa ýarymgeçiriji önümlerini import etmekde 100 göterimli amerikan paçlaryndan boşadylmagyna garaşýar...

02.08.2025 17:50
2.7k+

"Maýa goýumyň Stiw Jobsy": Reý Dalio öz esaslandyran Bridgewater hej-gaznasynda soňky paýyny satdy

ABŞ-da iň uly hej-gaznalaryň biri bolan Bridgewater-iň esaslandyryjysy milliarder Reý Dalio kompaniýadaky soňky paýyny satyp, müdirler geňeşinden çykdy. Bu barada geçen hepdede hej-gaznanyň müşderilerine gönükdirilen hata salgylanyp, The Wall Street Journal habar berýär...